Sepleriň elýeterliligi

ÝDÖB türkmen telekeçileri bilen täze bank döretmekçi


Ýewropada dikeldiş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça wekili Neýl MakKeýn

Ýewropada dikeldiş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça wekili Neýl MakKeýn

Türkmenistanyň banklarynda kredit-karz serişdelerini bermek ugrunda sagdyn bäsleşik dörär ýaly, Ýewropada dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) bu ýurtda Mikro-maliýe bankyny döretmek ugrunda uzak wagtdan bäri tagalla edip gelýär.

Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy Ýewropada dikeldiş we ösüş bankynyň kiçi we orta derejede iş alyp barýan telekeçilere karz pul bermäge niýetlenen banky açmak ugrunda edýän işleri bilen gyzyklanyp, bu bankyň Türkmenistan boýunça wekili Neýl MakKeýn bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap MakKeýn, siz Türkmenistanda Mikro-maliýe bankyny döretmek barada öňden bäri tagalla edip gelýärsiňiz. Bu ugurdan şu çäkä çenli edilen işler hakda gürrüň beräýseňiz?

Neýl MakKeýn: Şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda biziň bankymyzyň Türkmenistan boýunça kabul eden strategiýasynda ýurduň maliýe intitutlarynyň işini kämmileşdirmek meselesi göz önünde tutuldy. Bu pudakdaky reformalar birki ýyl mundan ozal başlansa-da, olaryň geçirilmegi üçin biziň goldawumyz zerur. Şonuň üçin biz häzir Türkmenistanda işleýän iki sany täjirçilik banky bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Şol banklaryň biri döwlet eýeçiliginde, beýlekisi bolsa hususy eýeçilikde. Biz bu banklar orta we kiçi telekeçilere kredit-karz serişdelerini berer ýaly ýörite kredit liniýasyny açdyk.

Şol bir wagtda-da biz “Green Field” diýip atlandyrylýan täze bankyň döredilmegi ugrunda iş alyp barýarys. Bu bankyň düýbüni tutmaga bizden başga-da beýleki halkara maliýe guramalary we Türkmenistanyň Senagatçylar hem telekeçiler bileleşiginiň agzalary gatnaşarlar. Bankyň 70%-e golaýynyň biziň we beýleki halkara maliýe guramalarynyň eýeçiliginde bolup, 30%-niň türkmen telekeçilerine degişli edilmegini planlaşdyrýarys. Bu bankyň döredilmegine maýa ýatyrmaga taýýar bolan ýerli telekeçileriň bardygy bizi höweslendirýär. Ýurduň hususy pudagynyň ösmegini gazanmak üçin şeýle telekeçileriň bolmagy örän zerur.

Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösmegi üçin ýurduň maliýe guramalarynyň işleýşi ýeterlik däl. Täze bank açylansoň, onuň işleýşi beýleki maliýe edaralar üçin görelde bolup biler. Mysal üçin, Ermenistanda şeýle bankyň açylmagy maliýe pudakda gaty uly bäsleşigiň döremegine getirdi. Netijede orta we kiçi telekeçilere kredit-karzlar has elýeterli boldy. Bu bolsa, biziň öňde goýan esasy maksadymyzyň biridir.

Azatlyk Radiosy: “Green Field” bankyny haçan açmagy planlaşdyrýarsyňyz?

MakKeýn: Men bu bankyň haçan açyljakdygyny entek anyk bilmeýärin. Biz bu ugurdan gaty köp iş etdik, ýöne entek edilmeli işler hem az däl. Şonuň üçin bu täze banky 2011-nji ýylyň dowamynda açmagy göz önünde tutýarys.

Azatlyk Radiosy: Jenap MakKeýn, ÝDÖB türkmen telekeçilerine şirketlerini giňeldip, ony ösdürmäge mümkinçilikleri bolar ýaly karz-kredit serişdelerini berip gelýär. Soňky bir million dollara barabar kredit piwo öndürýan “Biýat” kompaniýasyna berildi. Siziň bankyňyz soňra şol serişdeleriň nädip ulanylýandygyna gözegçilik edýärmi?

MakKeýn: Elbetde, hut kredit berlenden soň, biziň işimiz köpelýär. Ýagny, krediti almak üçin zerur bolan dokumentleri taýýarlamaga alty aý gerek bolsa, karzy alan kompaniýanyň işgärlerini türgenleşdirmek üçin üç ýyla golaý wagtymyz gidýär.

Biz karz almak isleýän telekeçilerden bir topar şertlerimizi ýerine ýetirmegi talap edýäris. Mysal üçin, ÝDÖB-den karz alan kompaniýalar maliýe dolandyryşyny, marketing barlaglarynyň geçirilşini gowulandyrmak ugrunda köp tagalla etmeli.

Umuman aýdylanda, biz karz bermezden öň kompaniýalar öz işini kämilleşdirer ýaly belli bir şertleri kesgitleýaris. Soňra-da şol şertleriň ýerine ýetirilşine gözegçilik etmek biziň işimiziň gaty möhüm bir bölegi bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň hususy pudagyny ösdürmek meselesinde näme edildi hem näme edilmeli?

MakKeýn: Türkmenistanda hususy pudagyň ýagdaýy henizem kyn, emma soňky döwürde ýurtda bu ugurdan köp işleriň edilendigini belläsim gelýär. Mysal üçin, hususy pudak üçin gaty möhüm çäre – manadyň unifikasiýasy, ýagny onuň amerikan dollary bilen gatnaşygynyň bir kursa getirilmegi boldy. Häzir türkmen telekeçilerine daşary ýurt walýutasynyň elýeterliligi Özbegistan bilen deňeşdirilende, gowy, aňrybaş däl, ýöne öňküsinden gowy.

Salgyt meselesinde hem “Salgyt kodeksi” käbir telekeçiler üçin ýönekeýleşdirildi. Mysal üçin, önümçilik bilen meşgullanýanlar üçin salgyt tölemek meselesi aňsatlaşdyryldy. Şeýle-de hususy emlägiň, telekeçiligiň goragy babatda 2008-nji ýyldaky Konstitusiýada göz öňünde tutulan maddalary hem agzasym gelýär. Olaryň esasynda birnäçe telekeçiniň şikaýatyna sudda garalyp, olaryň üstün çykandygy barada bizde maglumatlar bar. Bu zatlar telekeçiligiň ösmegine itergi berýär. Emma Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösüşiň irki stadiýasyndadygyny göz öňünde tutup, garaşylýan zatlar barada seresap bolmalydyrys.

Türkmen häkimiýetleri 2020-nji ýyla çenli ýurduň jemi içerki önümiň 70%-niň hususy pudaga degişli bolmagyny gazanmagy maksat edinýärler. Biz hem Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa ýatyryp, ýurduň maliýe pudagynyň ösmegine ýardam berip, häkimiýetleriň öňde goýlan maksada ýetmegine goşant goşýarys diýip, hasap edýärin.
XS
SM
MD
LG