Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa terror hüjümleriniň howpundan alada edýär


Düýn Germaniýanyň häkimiýetleri şu aýyň ahyrynda ýurduň territoriýasynda terror hüjümleriniň amala aşyrylmagynyň mümkindigi barada maglumat alnandygyna salgylanmak bilen, howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdiler.

Howpsuzlyk çäreleri aýratynam ýurduň aeroportlarynda we demirýol wokzallarynda güýçlendirildi.

Germaniýanyň içeri işler ministri Tomas de Maýziere terror hüjümleriniň howpy barada daşary bir döwletden anyk maglumatlaryň gelip gowşandygyny aýtdy. Emma ol maglumat alnan ýurduň anyk haýsy ýurtdygyny welin mälim etmedi.
XS
SM
MD
LG