Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Liwanyň obasyndan öz goşunlaryny çykarmakçy


Düýn Ysraýylyň hökümeti Liwanyň günorta serhet ýakasyndaky ilatly punktynda ýerleşýän öz goşunlaryny ol ýerden çykarmaklygy karar edendigini mälim etdi.

Maglumata görä, geljek birnäçe hepdäniň dowamynda Ysraýylyň hökümeti Liwanyň günortasyndaky serhet zonalaryny goramak meselesi boýunça BMG-niň parahatçylygy goraýjy güýçleri bilen gepleşik geçirer.

2006-njy ýylda Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda ýüz beren harby konfliktlerdan soň Ysraýyl Liwanyň günorta serhet ýakasyndaky Ghajar obasynda öz goşunlaryny saklap galypdy. Bu obanyň ýerleşýän territoriýasy Ysraýylyň, Liwanyň we Siriýanyň arasyndaky dawaly territoriýa hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG