Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bilen ylalaşygy indi ABŞ-nyň Senaty tassyklamaly


Düýn Birleşen Ştatlaryň prezident administrasiýasy ýadro ýaraglaryny kemeltmek barada Orsýet bilen ylalaşygyň proýektini şu ýylyň ahyryna çenli ýurduň Senaty kabul eder diýip umyt edýändigini bildirdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Robert Gibbs bu barada habarçylara beren interwýusynda Strategik ýaraglaryň sanyny azaltmak baradaky bu ylalaşygyň Senatda ýeterlik ses alar diýlip garaşylýandygyny aýtdy.

Bu baradaky ylalaşygyň tassyklanylmagy üçin oňa 100 orunlyk Senatda 67 senatoryň oňyn ses bermegi talap edilýär. Senatdaky respublikançylaryň köpüsi Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň kabul etmekçi bolýan bu ylalaşygyna garşy çykyş edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG