Sepleriň elýeterliligi

Eýran Orsýet bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak isleýär


Düýn Eýranyň hökümeti daşary döwletleri Tähranyň Moskwa bilen hyzmatdaşlyklaryna päsgelçilik döretmezlige çagyrdy.

Şu ýylyň sentýabrynda Orsýetiň Eýrana «S-300» kysymly goranyş raketelaryny we käbir beýleki harby ýaraglary satmak planyny goýbolsun etmeginiň yzy bilen Orsýet-Eýran hyzmatdaşlyklary belli bir derejede ýaramazlaşypdy.

Şu gün kaspiýaka döwletleriniň Bakuda açylýan Sammitiniň çäklerinde Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň özara gepleşik geçirmeklerine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG