Sepleriň elýeterliligi

Bakuda kaspiýaka döwletleriniň liderleriniň Sammiti açylýar


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kaspiýaka döwletleriniň liderleriniň Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa barýar.

Bu Sammitde köpsanly beýleki möhüm meseleler bilen bir hatarda, Kaspi deňziniň durumyny kesgitlemek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar diýlip garaşylýar.

Sammite Orsýetiň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Gazagystanyň döwlet liderleri gatnaşarlar.

Maslahatda taraplar özara hyzmatdaşlyk, şol sanda, sebitdäki howpsuzlyk meselesi boýunça hyzmatdaşlyklar barada-da möhüm dokumentlere gol çekerler diýlip garaşylýar.

Kaspi deňziniň durumy bilen baglanyşykly meselede gazanyljak oňyn öňegidişlikler Ýewropa ýurtlaryna çekilmegi göz öňünde tutulýan «Nabukko» gaz proýektine-de oňyn täsirini ýetirmegi mümkin diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG