Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürdal: “Halk klassyky aýdymlara dolanar”



Irfan Gürdal Türkiýäniň TRT telekanalynda türk dünýäsiniň aýdym saz sungatyna bagyşlanan “Köňül bagy” atly programmanyň alypbaryjylaryndan biri

Garaşsyzlyk döwründe beýleki ençeme ugurlar bilen birlikde Türkmenistanyň aýdym-saz dünýäsinde-de käbir özgerişler bolup geçdi. Öň ýurtda bagşylar, halk aýdymlary aýdym-saz sungatynyň uly bölegini emele getiren bolsa, soňky döwürlerde häzirki zaman pop aýdymçylarynyň hem muşdaklarynyň sany barha köpelýär.

Türkmen aýdym-saz dünýäsiniň ugry hanjak? Onuň düýni, şu güni we geljegi bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir türkmenleriň hem türki dilli halklaryň saz sungaty bilen ýakyndan gyzyklanýan türkiýeli halk aýdymçysy Irfan Gürdal bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen aýdym-saz sungaty, şeýle-de türki dilli ýurtlaryň edebiýaty, söz hem saz sungaty bilen haçandan bäri gyzyklanýarsyňyz?

Irfan Gürdal: Tutuş türki dilli ýurtlaryň we regionlaryň aýdym-saz sungaty bilen bir hatarda men türkmen aýdym-sazlary, edebiýaty, goşgulary we şahyrlary bilenem içgin gyzyklanýaryn. Meniň türkmen sazy bilen gyzyklanmagyma sebäp bolan zatlaryň biri-de Türkiýäniň Anadoly regionynyň aýdym-saz sungatynyň kök-damarynyň türkmen aýdym-saz dünýäsi bilen berk ilteşikli bolandygy üçin.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda bolduňyzmy?

Gürdal: Elbetde, Türkmenistana birnäçe gezek bardym. Birinji gezek 1995-nji ýylda sapar edip, Aşgabatda we Maryda konsertlere gatnaşdym. Şol saparymyň maksady türki dilli halklaryň ýazyjylarynyň sammitine gatnaşmakdy.

Mara baranymda, ýerli bagşylar we aýdymçylar bilen söhbet etmäge pursat tapdym, olaryň aýdymlaryny ýazga alyp, Türkiýä dolanamsoň, şol aýdymlaryň notasyny ýazdym.

Azatlyk Radiosy: Türkmen aýdym-saz dünýäsini göz öňünde tutsak, haýsy aýdymçylar sizde has köp täsir galdyrdy?

Gürdal: Men birinji gezek merhum Orazgeldi Ylýasowyň aýdymlarynyň ýazgysyny diňledim, ol mende uly täsir galdyrdy. Sahy Jepbarowy hem diňledim, olam türkmen aýdym-saz dünýäsinde özüne mahsus ýoly bolan ussat. Gurt Ýakup hem saz dünýäsiniň uly şahsyýetleriniň biri. Men onuň ençeme dessanyny diňledim, olaryň käbirlerini öz stilimde gaýtalamaga synanyşdym.

Men Türkiýäniň TRT telekanalynda türk dünýäsiniň aýdym saz sungatyna bagyşlanan “Köňül bagy” atly programmanyň alypbaryjylaryndan biri. Şol gepleşige bir gezek häzirki döwrüň aýdymçylaryndan Leýla Şadurdyýewany çagyrdyk. Meniň pikirimçe, ol hem türkmen halk aýdymlarynyň nukdaýnazaryndan aýdylanda, ussat aýdymçylardan biri.

Türkmenistan bilen birlikde men 2008-nji ýylda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirilen bir dabara gatnaşmak üçin Türkmensähra hem sapar etdim. O taýda men ýerli bagşylardyr aýdymçylar bilen duşuşdym.

Soňra Eýran türkmenleriniň tanymal aýdymçylaryndan biri Mejit Tekäni we onuň aýdym-saz toparyny Türkiýä-de çagyrdyk we onuň bilen bilelikde käbir işleri hem amala aşyrdyk.

Azatlyk Radiosy: Siz Sahy Jepbarow barada gürrüň etdiňiz, bu ussat bagşynyň sizde galdyran täsiri barada has jikme-jik gürrüň berip biljekmi?

Gürdal: Sahy Jepbarow uly bir ýoluň gözbaşynda duran ägirtlerden biri. Sahy Jepbarowyň diňe şahsyýeti barada gürrüň edemzok, onuň saz çalşynda we aýdym aýdyşynda türkmen aýdym-saz sungatynyň 1000 ýyllyk geçmişine we başdan geçiren tejribesine göz ýetirmek mümkin. Şonuň üçin möhüm bolan zat, kimdir bir aýdymçynyň şahsyýeti däl-de, onuň eýerýän ýoly, stili we öz hünärini geljekki nesillere miras galdyrmaga ukybydyr. Sahy Jepbarow bu wezipäniň hötdesinden gelen ussatlardan biri.

Azatlyk Radiosy: Eger soňky 30 ýyly göz öünde tutsak, türkmen aýdym-saz dünýäsi neneňsi tejribäni başdan geçirdi we onuň häzirki ýagdaýy barada siz näme aýdyp biljek?

Gürdal: Bu diňe Türkmenistana degişli mesele däl, tutuş dünýäde özgerişlikler göze ilýär. Elbetde, ol Türkmenistanyň aýdym saz dünýäsine-de öz täsirini ýetirýär.

Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Türkmenistan garaşsyzlygyna gowşansoň, bu ýurduň aýdym-saz dünýäsine Türkiýe juda ýaramaz täsirini ýetirdi diýip oýlaýaryn. Türkiýe türki dilli ýurtlara diňe häzirki zaman pop aýdym-sazlarlaryny ornaşdyrdy. Elbetde, Türkiýäniň hem gaty abraýly aýdymçylary bar, emma olaryň ýazgylary Türkmenistan ýaly ýurtlara kän bir ugradylyp durlanok.

Türkmenistan ýaly ýurtlara köplenç häzirki zaman pop aýdymçylarynyň ýazgylary alnyp gidilýar we olaryň täsiri sebäpli käbir ýerli aýdymçylar hem öz aýdymlarynyň stillerini üýtgediýärler. Bu ýagdaý bolsa öz nobatynda olaryň klassyky aýdym-saz sungatyna ýaramaz täsirini ýetirýär.

Elbetde, bu problema Türkiýede-de göze ilýär. Ýüzümizi Günbatara öwrenimiz üçin biz Günbataryň aýdym-saz sungatynyň täsirine düşdük. Indi biz öz gezegimizde Türkmenistanyň aýdym-sazyna öz ýaramaz täsirimizi ýetirýäris. Netijede türkmen aýdym-saz sungatynda häzir geňsi özgerişler bolup geçýär.

Azatlyk Radiosy: Gurt Ýakup “Nowaýy” ýoluny saýlap alan bagşylardan biri we siziň aýdymlaryňyzda hem “Nowaýynyň” ugruna duş gelmek bolýar. Bu ýoly saýlap almagyňyza sebäp bolan zat näme?

Gürdal: Alyşir Nowaýy türki dilli ýurtlaryň sungat dünýäsinde uly täsir galdyran şahyrlardan biri, hat-da Nowaýyny çagataý edebiýatynyň düýbüni tutan adamlardan biri hökmünde hem häsiýetlendirmek mümkin.

Nowaýy diňe Türkmenistanda däl, Özbegistanda we Türkiýäniň Anadoly regionynda hem örän gowy tanalýan şahyr. Emma aýdym-saz dünýäsinde “Nowaýy” diýlen ýol bilen Nowaýy şahyryň arasynda, elbetde, tapawut bar.

Gurt Ýakup barada gürrüň etsek, onuň aýdymlaryny halamagymyň sebäplerinden biri, belkem, onuň sungatynyň we eserleriniň Türkiýäniň Anadoly regionyndaka örän meňzeş bolmagydyr. Gurt Ýakubyň “Gülpamyk” dessanyny köp diňledim we bu dessan mende uly täsir galdyrdy. Eger ýalňyşmasam, “Nowaýy” atly türkmen sazy hem bar.

Azatlyk Radiosy: Siziň türkmen we beýleki türki dillerde aýdýan aýdymlaryňyzy diňlemäge Türkiýede nähili isleg bar?

Gürdal: Elbetde, häzirki zaman pop aýdymlary ýaly däl, ýöne ýurdumyzda bu stilde aýdylan aýdymlar bilen gyzyklanýan uly gatlagyň bardygyny bilýäris. Telekanallarda alyp barýan gepleşiklerimize-de uly isleg bar.

Eger dogrymy aýtsam, biziň TRT telekanalyndaky gepleşiklerimiz, Türkiýä garanda Türküstan, ýagny türki dilli halklaryň arasynda has köp tomaşa edilýär.

Azatlyk Radiosy: Siz dutaram, gyjagam çalýarsyňyz, bu gurallary çalmagy haçan, nireden, kimden we nähili öwrendiňiz?

Gürdal: Gyjak Türkiýäniň Anadoly regionynda ulanylýan “tabak kemany” atly gurala meňzeýär. Men kemanyny çagalykda öwrenipdim, onuň gyjak bilen hiç hili tapawudy ýok. Dutar barada aýtsam, men ilkibaşda özbek dutary bilen gyzyklandym, Türkmenistana baranymda özüme dutar edindim we Türkiýä dolanamsoň, beýleki ussatlaryň sazyny diňläp, öz-özüm çalyp öwrendim.

Azatlyk Radiosy: Siz öz aýdymlaryňyzda sufizme hem uly ähmiýet berýärsiňiz, onuň sebäbi näme?

Gürdal: Sufizmiň medeniýetimiziň uly bir bölegini emele getirýänligi üçin bu tema üns berdim. Bilşiňiz ýaly, türki dilli ýurtlaryň medeniýetinde atyň uly orny bar, ýazgylarymyzyň biri at baradaky aýdymlara bagyşlanan.

Türki dilli halklaryň, beýleki musulman halklar bilen deňeşdirilende, sufizme garaýyşlary gaty tapawutly, türkler öz dini ynançlarynda söýgä we çydamlylyga uly ähmiýet berýärler. Bu häsiýetimiz hem biziň sazymyza we sözümize öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin men ikinji ýazgymy sufizme bagyşlap, türki dilli halklaryň aýdym-saz eserlerini şol ýazgyda toplamaga synanyşdym.

Azatlyk Radiosy: Türkmen halk aýdymlaryny goramak üçin nähili ädimler ädilmeli? Bu ugurda Türkiýe Türkmenistana kömek edip bilermi?

Gürdal: Türkiýäniň bu ugurda Türkmenistana kömek etmäge ýagdaýy ýok. Sebäbi Türkiýe bu problemany has uly möçberde başdan geçirýär. Men Türkmenistanda klassyky we halk aýdym-sazlary boýunça uly ussalaryň bardygyny we olaryň henizem ýaş bagşylar ýetişdirýänligini bilýärin.

Şonuň üçin, belkem, halk sungatyny, bolşy ýaly, üýtgetmän, halka öwretmek nukdaýnazaryndan gaýta türkmen alymlary Türkiýä kömek edip bilerler. Şol bir wagtyň özünde-de alymlaryň we aýdym-saz bilen meşgullanýan adamlaryň uly jogapkärçilikleri bar. Olar öz saýlap alan ýoluny ýitirmeli däl.

Häzirki zaman pop tolkunlary hemişelik däl, belkem, wagtyň geçmegi bilen ýatdan çykarylar, netije-de halk ýene klassyky aýdymlara dolanar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG