Sepleriň elýeterliligi

NATO Moskwa bilen nähili işleşmeli?


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Moskwada, 3-nji noýabr 2010

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Moskwada, 3-nji noýabr 2010

NATO täze strategiýa baradaky öz umumy düşünjesinde global gözýetimini giňeltmek, kompýuter arkaly edilýän hüjümlerden goranmak we raketadan goranyş täze sistemasyny wajyp meseleleriň arasynda ýokarky orunda goýmak bilen ýaranlygy güýçlendirmäge synanyşar.

Ýöne Moskwa bilen nähili iş salyşmaly diýen sorag welin, NATO-nyň agzalman ýatan esasy problemalarynyň biri bolup durýar. 2008-nji ýylda Orsýetiň Gürjüstana çozup girmegi netijesinde sowan gatnaşyklar indi az-kem ýylap gelýär.

NATO-nyň baş sekretary Rasmussen Medwedewiň üstümizdäki hepde Lissabonda geçjek sammite gatnaşmak niýetini oňat garşylap, muny bir möhüm pursat diýip atlandyrdy: “Meniň pikirimçe, Lissabon sammiti Orsýet bilen NATO-nyň arasyndaky gatnaşygyň täzeden başlanmagy bolar”.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew öten aý fransuz kurorty Deauwilde bu niýetini mälim edeninde, Rasmusseniň bu pikirini german kansleri Angela Merkel-de gaýtalady: “Meniň pikirimçe, - muny Orsýet hem ençeme gezek gaýtalady – terrorizm howpy, döwletleriň çökmegi, ýadro ýaraglary biziň hemmämize abanýan howpdur. Mümkin boldugyça, bu zatlar barada bilelikde iş alyp barmaly”.

Ýöne käbir adamlar Deauwil duşuşygyndan çen tutup, NATO-nyň Orsýet bilen iş salyşmak başarnygyna ol diýen umyt baglamaýarlar. NATO-nyň öňki sowet respublikasy Estoniýa ýaly täze agzalary Orsýet Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak arkaly Günbataryň agzybirligini bozjak bolýar diýip, duýduryş berýärler. Olaryň gorkusy ýaranlygyň köne agzalarynyň Moskwa bilen energiýa we beýleki ykdysady gatnaşyklar üçin Ýewropanyň demokratik we beýleki umumy gymmatlyklaryna kembaha garamagy.

“Täze struktura”

Tankytçylaryň pikiriçe, Orsýetiň “Ýewropanyň täze howpsuzlyk strukturasy” diýýäni NATO ýaly häzir bar bolan strukturalaryň köküni gyrmak bilen halkara syýasatynda Moskwanyň roluny güýçlendirmäge gönükdirilen zat. Moskwanyň teklibinde Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we Orsýet “ýewropa siwilizasiýasynyň üç pudagy” diýlip atlandyrylýar. Halkara howpsuzlygyny goramakda hem “birinji derejeli jogapkärçiligi” öz üstüne alýan Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi.

Moskwanyň Birleşen Ştatlar we Kanada boýunça barlaglary baradaky istitutynyň işgäri Wiktor Kremenýuk Medwedewiň bu teklibini gorap, bilelikde edip boljak ilkinji işler diýip, Eýrany, Owganystany we raketadan goranyş sistemasyny agzaýar: “Ondan soň başga zatlaryň-da bolmagy mümkin. Şeýdip Orsýet bilen NATO ýaranlykda hereket eder. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de, olaryň bir ýaranlyk gatnaşygyny gurmagy hökmän däl”.

Daşary syýasat boýunça ekspert Andreý Piontkowskiniň pikiriçe, bu teklip realistik däl.

Ýewropanyň täze howpsuzlyk strukturasy barada edilen teklipleriň ýene biri – Ýewropanyň Daşary işler geňeşi tarapyndan öňe sürlen “Howpsuzlyk trialogy”. Bu Ýewropa Bileleşiginiň, Orsýetiň we Türkiýäniň arasynda döredilmeli näresmi forum.

Kremenýuk bu teklibi “ýerlikli däl” diýip, ret edýär. Ol: “Bu Türkiýäniň ähmiýetini artdyryp, ony Orsýetiň derejesine ýetirer ýa-da Orsýeti peselder” diýýär.

Piontkowskiniň pikiriçe bolsa, bu Orsýetiň teklibini ret etmek. Ýöne bu işi göni etmezlik üçin ökdelik bilen hödürlenýän ýol.
XS
SM
MD
LG