Sepleriň elýeterliligi

Klinton Owganystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy


Penşenbe güni Nýu-Ýorkda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Owganystanyň daşary işler ministri Zalmaý Rassul bilen gepleşik geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda öňümizdäki günlerde geçiriljek NATO-nyň sammitine degişli meseleler maslahat edildi. Şol sammitiň dowamynda Owganystandan halkara güýçlerini çykarmak we ýurduň howpsuzlygyny owgan güýçlerine tabşyrmak meselelerine garalar diýlip garaşylýar.

Klinton anna güni Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda geçiriljek NATO-nyň sammitine özüniň we Zalmaý Rassulyň gatnaşjakdygyny aýtdy. Şeýle-de bu sammite prezident Barak Obamanyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý 2014-nji ýyldan başlap Owganystanyň howpsuzlygyny ýerli güýçleriň üpjün edip biljekdigini belläpdi.

Häzirki wagtda Owganystanda halkara güýçleriniň 140,000 töweregi söweşijileri bar. Şol söweşijileriň 100,000-e golaýy Birleşen Ştatlardan.
XS
SM
MD
LG