Sepleriň elýeterliligi

Merkele Amerikanyň ýokary derejeli baýragy gowşurylar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Amerikanyň ýokary derejeli baýragy beriljek 15 adamyň hataryna Germaniýanyň kansleri Angela Merkeli hem goşdy. Angela Merkel birleşen Germaniýa ýolbaşçylyk edýän ilkinji zenan we günorta Germaniýanyň wekilidir.

“Prezidentiň azatlyk medalyny” aljaklaryň arasynda 1989-1993-nji ýyllarda ABŞ-a ýolbaşçylyk eden, ýurduň 41-nji prezidenti Jorj Buş, milliarder Warren Buffet we şahyr Maýa Angelou hem bar.

Obamanyň aýtmagyna görä, bu adamlaryň ählisi dürli ugurlarda işläp, uly üstünlikleri gazandylar: “Bularyň durmuşy medeniýeti baýlaşdyrdy we ruhlandyrdy. Şeýle-de Amerikany we dünýäni ýaşamak üçin gowy ýere öwürdi”.

Bu baýragyň gowşurylyş dabarasy indiki ýylyň başynda bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG