Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ahmedinejad: “Dünýä güýçleri Eýrana haýbat atmagy bes etmeli”


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň aýtmagyna görä, eger-de ýadro meselesi boýunça gepleşikleriň şowly bolmagyna garaşylýan bolsa, onda dünýä güýçleri “Eýrana haýbat atmagyny bes etmelidir”. Ahmedinejad bu çykyşyny Bakuda geçirilýän kaspiýaka ýurtlarynyň sammiti wagtynda etdi.

Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň täze tapgyryny şu ýylyň 5-nji dekabrynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şol gepleşiklere Eýran bilen bir hatarda dünýäniň alty uly döwleti - Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Birleşen Ştatlar, Orsýet we Hytaý gatnaşar. Emma taraplar bu gepleşikleriň ýeri we gün tertibi boýunça entek ylalaşmadylar.

Günbatar ýurtlary Eýranyň alyp barýan urany baýlaşdyryş programmasynyň ýadro ýaraglaryny döretmek howpundan howatyrlanýarlar.
XS
SM
MD
LG