Sepleriň elýeterliligi

“Nobel” parahatçylyk baýragy bu ýyl eýesiz galyp biler


Parahatçylyk boýunça “Nobel” baýragy komitetiniň aýtmagyna görä, şu ýyl bu baýragyň hiç kime gowşurylmazlygy mümkin. Munuň sebäbi bu baýragyň eýesi hytaýly dissident Liu Şiabonyň maşgala agzalarynyň hiç biriniň baýragyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşyp bilmeýänligidir.

"Nobel" baýragyny diňe onuň eýesine ýa-da onuň maşgala agzalaryna gowşurmak zerur şertdir. Bu baýragyň eýesi hytaýly Liu Şiabo häzir türmede, onuň aýaly bolsa öý tussaglygynda saklanýar.

Hytaý Oslodaky şol dabara öz wekillerini ibermezligi üçin beýleki döwletlere hem basyş edipdi.
XS
SM
MD
LG