Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanada geçiriljek ÝHHG-niň sammitine Klintonyň gatnaşmagy mümkin


1-2-nji dekabrda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Gazagystanda geçiriljek sammitine gatnaşjak Birleşen Ştatlaryň delegasiýasyna Amerikanyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň ýolbaşçylyk etmegi mümkin.

Bu barada Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk çarşenbe güni Wekiller öýünde eden çykyşynda aýtdy.

Astanadaky bu sammit Merkezi Aziýa regionynda geçirilýän ÝHHG-niň ilkinji sammitidir. Robert Bleýk bu sammitiň Gazagystanda geçirilmegi geljekde Merkezi Aziýada ÝHHG-niň prinsipleriniň giňden ýaýramagyna itergi bolup biler diýdi.

Gazagystan öňki sowet döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan ÝHHG-niň ýolbaşçylygyna geçipdi.
XS
SM
MD
LG