Sepleriň elýeterliligi

ABŞ "Transowgan" gaz geçiriji proýektini goldaýar


ABŞ Owganystanyň we Päkistanyň üsti bilen Türkmenistanda Hindistana tarap çekilmegi göz öňünde tutlýän gaz geçirjini goldaýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Susan Elliott Aşgabata geçirilen energiýa konferensiýasynda çykyş edip, Transowgan gaz geçirijisiniň regiondaky durnuklylyga itergi berip biljekdigini belledi.

Ekspertler Owganystanyň we Päkistanyň durnuksyz sebitleriniň üstünden geçirijek turbanyň howpsuzlygyna şübheli garaýarlar.

Hindistanyň we Päkistanyň 7 milliard dollarlyk gaz geçiriji arkaly Eýrandan ýangyç almagyna ABŞ-nyň garşydygyna ynanylýar. Şol gaz geçiriji 2015-nji ýylda durmuşa girizilip bilner diýilýärdi.
XS
SM
MD
LG