Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: öňde “syýasy gyş” bar


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki bazarda, 4-nji noýabr.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekdäki bazarda, 4-nji noýabr.

Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda Gyrgyzystanda ilkinji sapar parlament dolandyryşy boýunça saýlawlar boldy. Munuň näderejede üstünlikli boljakdygyny kesgitlemek juda kyn. Hökümetiň özüni ynamsyz alyp barýandygy sebäpli köpler 2011-nji ýylda täze hökümet çalşygynyň bolmagy ahmal diýip howatyrlanýarlar.

Şu günler Bişkegiň bazarynda gyzgyn söwda gidýär. Emma şu ýylyň aprel aýynyň başlarynda bu ýer oppozisiýa bilen polisiýa işgärleriniň arasynda bolan çaknyşyklaryň merkezine öwrülipdi. Şol çaknyşyklar sebäpli onlarça adam öldi we prezident Kurmanbek Bakyýew häkimiýetden çetleşdirildi. Bu waklardan soňra, iýunda bolan etniki çaknyşyklarda 400 adam öldi.

Hut şeýle ýagdaýlar sebäpli şol wagt Gyrgyzystanyň demokratik geljegine “atanak çekiljek” ýaly bolup göründi. Ýöne, häzirki ýagdaýlara seredeniňde, ýurduň syýasy durmuşynda 180 gradus öwrülişigiň bolandygy görünýär. Gyrgyzystan prezidentlik dolandyryşdan, garyndaşparazlykdan, häkimiýet başyndaky tire-taýpa baştutanlygyndan Merkezi Aziýada ilkinji parlamentar hökümeti gurmak ugrundaky ädimleri edýär. Häzir Merkezi Aziýada häkimiýet prezidentleriň elinde saklanýar.

Täze saýlanan Ýokarky Geneşiň ilkinji sessiýasynyň öňüsyrasynda bazardaky satyjy Rahat bu barada pikirlerini şeýle beýan etdi: “Adamlar bagtly ýaşamak isleýärler. Biziň öz howpsuzlygymyz barada asla alada edesimiz gelenok. Men saýlawlara gatnaşyp, “Ata-Žurt” partiýasyna ses berdim. Köpler ol partiýanyň baştutanlarynyň Bakyýewiň egindeşleridigini aýdýarlar. Ýöne bu beýle däl. Olar biziň adamlarymyz. Halk öz arasynda toparlara bölünmeli däl. Men olaryň gowy işlejekdigine ynanýaryn”.

Esasy zat öňde

Etniki özbek ýumrulan jaýynda, Oş şäheri.
Ýöne bular barada ýurtda hiç kim anyk bir netijä gelip bilenok. Ýurt bäş ýylyň dowamynda bolup geçen döwlet agdarylyşyklaryndan soňky dörän agyr ýagdaýlardan baş alyp çykmaga synanyşýar. Emma bu ýolda köp kynçylyklar bar. Olaryň biri Orsýet tarapyndan basyş edilmesi, beýlekisi-de Gyrgyzystanyň günbatarly tarapdarlarynyň 2005-nji ýyldaky rewolýusiýadan soňra Gyrgyzystana ünsüniň peselmegi.

Gyrgyzystanda etniki, regional we tire-taýpa bölünişigi hem giňden ýaýran. Eger-de hökümeti düzmek baradaky häzirki synanyşyklar hem başa barmasa, onda Gyrgyzystanyň bu çemeleşmesinden ýüz öwürmegi mümkin. Ýurtdaky parlament sistemasy örän pes derejede özgerýär. Saýlawlardan soňra, parlamentiň ilkinji sessiýasyny geçirmek ugrunda köp ylalaşmazlyklar boldy. Parlament sistemasynyň doly derejede işläp biljekdigi häzirem sorag astynda.

Iýun aýynda kabul edilen täze Baş kanuna laýyklykda, ýurt parlament sistemasy esasynda dolandyrylmaly. Emma Ýokarky Geneşiň agzalarynyň köpüsi bu sistema garşy. Eger-de parlament sistemasynyň tarapdary bolan “Sosial-Demokratlar” we “Ata-Meken” partiýalary özara ylalaşyp, “Respublika” partiýasy bilen koalisiýa düzmegi başarsalar, onda “Ata-Žurt” we “Ar-Namys” partiýalary hökümete oppozisiýada bolarlar.

“Üstün çykar”

Gyrgyzystanda 10-njy oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň, partiýalaryň şeýle birligine garaşylypdy. Emma partiýalaryň bu birligi güýçleriň paýlanyşygy we ýurduň kuwwatly goňşusy Orsýetiň täsiri sebäpli düzülmedi.

“Ata-Meken” partiýasynyň ýolbaşçysy Ömürbek Tekebaýew
10-njy noýabrda başlanan parlamentiň ilkinji sessiýasynyň soňky güni prezident Roza Otunbaýewa hökümeti düzmek haýyşy bilen “Sosial-Demokratlar” partiýasyna ýüz tutdy. Eger-de 15 günüň dowamynda hökümeti düzmek başartmasa, onda nobat “Ata-Meken” partiýasyna berler. Ondan soňra-da bu mesele umumy parlamente geçiriler. Eger-de hökümet 45 günüň dowamynda düzülmese, parlament dargadylar we täze saýlawlayň geçiriljek güni yglan ediler.

“Ata-Meken” partiýasynyň ýolbaşçysy Ömürbek Tekebaýew Gyrgyzystanyň parlament demokratiýasynyň ýene-de biraz wagt dowam etjekdigini çaklaýar: “Köp adamlar parlament sistemasynyň uzak dowam etmejekdigini we onuň gysga wagtyň içinde ýatyryljakdygyny öňe sürýärler. Meniň bir zady belläsim gelýär: biziň öňki prezident sistemalarymyzyň hiç biri 1-1,5 ýyldan uzak dowam etmedi. Meniň pikirimçe, koalision hökümet öňkülerden üstün çykar we uzak saklanar”.

Bişkekde Moskwanyň adamlary

Gyrgyzystanda häzire çenli iki prezident häkimiýetden çetleşdirildi. Ýurduň demokratik güýçleri ilki başda Orsýet bilen jebis gatnaşykdan uzaklaşmaga başladylar. Bu barada gyrgyzystanly syýasy analitik Orozbek Moldaliýew şeýle diýdi: “Ýurtda eýýäm iki rewolýusiýa boldy. Indi bizde parlament respublikasy döredi. Elbetde, Orsýet üçin ýurtda diňe Kremle gulak asýan prezidentiň bolmagy amatly. 120 adama garşy çäre görenden, bir adama garşy çäre görmek aňsat. 120 adama gözegçilik etmek mümkin däl”.

Moldaliýew: "Orsýet üçin ýurtda diňe Kremle gulak asýan prezidentiň bolmagy amatly".
Orsýet Gyrgyzystanyň täze parlamentinde öz täsirini artdyrmak üçin jan edipdi. Parlamentiň düzümine girýän partiýalaryň ýolbaşçylarynyň Ömürbek Tekebaýewden başgalary saýlawlardan soňra, Moskwada boldular. Çaklamalara görä, “Respublika” partiýasynyň lideri Ömürbek Babanowyň Orsýet bilen örän jebis gatnaşyklary bar.

Şeýle-de “Sosial Demokratlar” partiýasynyň başlygy Almazbek Atambaýewiň Orsýetiň tarapdary bolan “Ata-Žurt” we “Ar-Namys” partiýalary bilen ylalaşyga gelmeginiň mümkindigi aýdylýar. Bir tarapdan Moskwanyň razylygyny almak arkaly işleri ýola goýmak syýasy nukdaýnazardan dogry ýaly bolup görünse, beýleki tarapdan yzygiderli dowam etjek bu tejribe parlamentiň işine uly zarba bolar.

“Z-Press” habar gullugynyň baş redaktory we parlamente girmegi başarmadyk “Zamandaş” partiýasynyň ýolbaşçysy Kuban Abdymeniň aýtmagyna görä, ýurduň 2,5 milliard dollarlyk bergisini üzmegiň wagty gelende, bu uly alada goýar: “Täze koalisiýa täze ýyla ýyla çenli dargap, gyrgyz ykdysadyýetini çökerer. Parlamentde täze hökümeti düzmek boýunça gepleşikleriň başlandygyna garamazdan, munuň başdan şowsuzlyga uçrajakdygyny aýtmak bolar. Geljekki ýaza çenli parlamentiň işe ukypsyz bolmagyndan howatyrlanýaryn”.

Sabyr käse dolar

Bilermenleriň çaklamagyna görä, eger-de ýaza çenli parlament sistemasy özüniň talaba laýyk işini ýola goýmasa, onda halkyň sabyr käsesi dolar we ýurtda 2011-nji ýylyň oktýabrynda prezident saýlawlarynyň geçirilmegi mümkin. Prezident Otunbaýewa ýurduň parlament sistemasyny goldaýar. Emma “Ar-Namys” we “Ata-Žurt” partiýalary wagtlaýyn hem bolsa, ýurtda demokratik parlament sistemasynyň işini togtatmak üçin tagalla edýärler.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň durmuşy köpleriň üns merkezinde bolup galýar. Ýurduň demirgazygy bilen günortasynyň arasyndaky dawalar bu meselä gyzyklanmany hasam artdyrýar. Şu ýylyň iýunynda Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oşda we Jalalabatda ýerli gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda ganly çaknyşykar boldy. Çaklamalara görä, asly ýurduň günorta sebitinden bolan öňki prezident Bakyýewi demirgazykdaky syýasatçylaryň häkimýetden çetleşdirmeginiň bu çaknyşyklara sebäp bolan bolmagy mümkin.

Marat Imankulow: "Akyllylar beýlekileriň, samsyklar özleriniň ýalňyşlaryndan öwrenýärler".
Şulary göz öňünde tutsaň, Orsýetiň we prezident sistemasynyň tarapdarlary bolan “Ar-Namys” we “Ata-Žurt” partiýalarynyň näme üçin ýurduň günortasynda uly goldaw tapýandyklaryny düşündirmek mümkin. Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş, Naryn we Jalalabad sebitlerinde Milli howpsuzlyk güýçlerine ýolbaşçylyk eden Marat Imankulowyň aýtmagyna görä, ýurtda neşe, guramaçylykly jenaýatçylyk we dini ekstremizm ýaly meseleler hem bar.

“Biz öňki režimleriň ýalňyşlaryny gaýtalamak islemeýäris. Orslarda bir söz bar: ‘Akyllylar beýlekileriň, samsyklar özleriniň ýalňyşlaryndan öwrenýärler’. Döwlet öz raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmeli. Olary bol-elin ýaşaýyş bilen üpjün etmeli. Öňki režimler özleriniň Gyrgyzystany wasp edýändiklerini aýdyp, halk hem olara hyzmat etmeli diýen pikirde boldular. Bu olaryň uly ýalňyşlygydy” diýip, Oş, Naryn we Jalalabad sebitlerinde Milli howpsuzlyk güýçlerine ýolbaşçylyk eden Marat Imankulow aýtdy.
XS
SM
MD
LG