Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Wiktor But babatda öz pozisiýasyny ýumşatdy


Düýn Orsýet bikanun ýarag söwdasynda aýyplanylýan we şu hepde Taýlanddan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilen Orsýetiň raýaty Wiktor Buta adalatly sud ediler diýip umyt edýändigini mälim etdi.

Bu barada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň eden soňky çykyşyna käbir synçylar Moskwanyň pozisiýasynyň birneme ýumşamasy hökmünde baha berdiler.

Sergeý Lawrow Wiktor Butyň bikanun iş eden bolmagynyň mümkindigini Moskwanyň aradan aýyrmaýandygyny belläp, oňa garşy geçiriljek suduň obýektiw hem-de adalatly geçmelidigini nygtady.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Wiktor Buta diktator režimlere hem-de terrorçy toparlara ýarag satyp, olara goldaw berip gelenlikde aýyplama bildirýär.
XS
SM
MD
LG