Sepleriň elýeterliligi

K.Bakyýewiň işi boýunça sud prosesi yza süýşürildi


Düýn Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň we onuň birnäçe egindeşleriniň işi boýunça planlaşdyrylan sud diňlenişigi geljek hepdäniň duşenbe gününe çenli yza süýşürildi.

Sud jogapkärçiligine çekilen bu adamlardan birnäçesi, şol sanda, Kurmanbek Bakyýew we onuň agasy Janyş Bakyýew heniz tussag edilmedik.

Düýn aýyplanýanlardan birnäçesiniň aklawçylary özleriniň howpsuzlygyna doly kepil geçilýänçä sud diňlenişigine gatnaşyp bilmejekdiklerini mälim etdiler.

Bu iş boýunça sud prosesiniň şu hepdäniň çarşenbe güni açylandygyna garamazdan, ejir çekenleriň dogan-garyndaşlarynyň aýyplanýanlara we olaryň aklawçylaryna garşy hüjüm etmek haýbatyny atmaklary sebäpli sud prosesi wagtlaýynça togtadyldy.
XS
SM
MD
LG