Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň tankytçysy J.Assanj Stokgolmda suda çekildi


Düýn Şwesiýanyň sudy «WikiLeaks» internet saýtynyň eýesi Julian Assanjy aýal maşgalany zorlamak we aýal maşgala el gatmak bilen bagly jenaýat aýyplamasy boýunça soraga çekmek barada karar çykardy.

Edil häzir özüniň nirededigini gizlin saklaýan Julian Assanj özüne bildirilýän bu aýyplamalary ret edýär we muny özüniň ýakynda ýaýradan gizlin harby dokumentleri üçin ar almak diýip häsiýetlendirýär.

Stokgolm şäheriniň ýerli sudunyň çykaran bu karary Julian Assanjy tussag etmek boýunça halkara derňewiniň ýola goýulmagyna getirmegi mümkin diýlip çaklanylýar.

Julin Assanjyň esaslandyran «WikiLeaks» internet saýty soňky bir ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky we Owganystandaky harby hereketleri barada gizlin dokumentleriň ýüz müňlerçesini jemgyýetçilige aýan etdi.
XS
SM
MD
LG