Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet liderleri Bakuda özara ylalaşyga gol çekdiler


Düýn Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda kaspiýaka döwletleriniň liderleriniň Sammiti geçirildi. Oňa Orsýetiň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň döwlet liderleri bilen birlikde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Sammitiň netijesinde bu bäş ýurduň prezidentleri Kaspi deňzindäki howpsuzlyk boýunça özara hyzmatdaşlyklar barada ylalaşyga gol çekdiler.

Bu ylalaşyk, hususan-da, terrorizm, guramaçylykly jenaýatçylyklar, harytlaryň kontrabandasy, bikanun ok-ýarag söwdasy, bikanun ýollar bilen amala aşyrylýan pul dolanşygy ýaly jenaýatçylyklara garşy bilelikde göreş alyp barmaklygy göz öňünde tutýar.

Düýn bu Sammitiň çäklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat bilen aýry-aýrylykda duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar barada pikir alyşdy.
XS
SM
MD
LG