Sepleriň elýeterliligi

Belarus oppozisioneri “diktaturany ýeňerin” diýýär


Belarus oppozisiýa lideri Uladzimer Nyaklýaeu, 8-nji noýabr.

Belarus oppozisiýa lideri Uladzimer Nyaklýaeu, 8-nji noýabr.

19-njy dekabrda Belarusda geçjek prezidentlik saýlawlarynda Aleksandr Lukaşenko bilen dalaş edýän tanymal kandidatlaryň biri Uladzimer Nyaklýaeu bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran Kleýr Bigg.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz Belarusyň problemalary baradaky çekişmeleri güýçlendirmek maksady bilen “hakykaty aýt” diýen bir kampaniýany ýola goýduňyz. Eýse, 19-njy dekabrda geçjek saýlawlardan öň munuň syýasy ýagdaýa eden täsiri barmy?

Uladzimer Nyaklýaeu: Biz bu kampaniýany edil şu syýasy ýagdaýy üýtgetmek, oppozisiýanyň öz alýan seslerini artdyryp, 20 prosentden aşyrmagyna goldaw bermek üçin ýola goýduk. Bu maksadymyza hem ýetdik. Bu kampaniýa – halkyň öz kampaniýasy. Ol ne oppozisiýa, ne-de häkimiýetlere degişli.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz özüňiziň bu saýlawda ýeňmek kararyna gelendigiňizi aýdýarsyňyz. Beýle ynamly gürlemäge näme esas bar?

Uladzimer Nyaklýaeu: Belarusdaky häzirki ýagdaý 2001-nji we 2006-njy ýyldaky saýlawlardan bütinleý tapawutly. Orsýetiň täsiri indi artdy. Şeýle hem Lukaşenko bilen Kremliň arasyndaky gatnaşykdan gözbaş alýan dartgynlylyk bar. Bularyň hemmesi ilkinji nobatda söwda maksatlaryna, Lukaşenkonyň pul gözleýänligine esaslanýar.

Bize ýarasa-ýaramasa-da, gelejege bolan umydymyz Orsýet bilen oňat gatnaşyklara bagly. Biziň çig mal alyp, taýýar önümlerimizi eksport edýän ýurdumyz Orsýet. Edil şu wagt bize ýeke-täk mümkin bazar şol. Aýlyklary, pensiýalary töläp, sosial sferany maliýeleşdirmäge başga ýol ýok.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz prezident bolsaňyz, Belarusyň strategik taýdan möhüm energiýa geçirijilerini Orsýete satjakdygyňyzy duýdurdyňyz. Siziň saýlaw kampaniýaňyzy Kreml maliýeleşdirýär diýen myş-myşlar-da bar. Käbir adamlaryň häsiýetlendirişi ýaly, siz özüňize Orsýetiň tarapyny çalýan kandidat diýip garaýarmysyňyz?

Uladzimer Nyaklýaeu: Birinjiden, “hakykaty aýt” kampaniýasy Orsýetden syýasy, muny ýene bir gezek gaýtalaýaryn, syýasat üçin pul alanok. Ikinjiden-de, men ors sermaýasynyň bu ýerde bolmagyny beýleki ykdysady aktýorlaryňky bilen deň şertde kabul etjekdigimi aýtdym.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siziň saýlaw kampaniýaňyzy kim maliýeleşdirýär?

Uladzimer Nyaklýaeu: Biziň birnäçe maliýe çeşmelerimiz bar. Bize Orsýetden, ýagny Orsýetde bolýan adamlardan pul gowuşýar. Bularyň käbiri belaruslar. Beýlekileri hem Belarus bilen söwda edýän adamlar. Olar Lukaşenkonyň hakykata laýyk gelmeýän, çüýrük, jenaýatkärçilikli oýnuna goşulmagy ret edýän adamlar. Men köp wagtlap ýurduň daşynda, Skandinawiýada hem boldum. Günbatardaky adamlar hem bize kömek etjekdiklerini aýtdylar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz, häkimiýetler saýlawda galplyk eden halatynda, halky Minskiniň merkezi meýdanynda köpçülikleýin protest geçirmäge çagyrdyňyz. Siziň pikiriňizçe, Belarusda Ukrainanyň “Mämişi rewolýusiýanyň” gaýtalanmagy mümkinmi?

Uladzimer Nyaklýaeu: Biz meýdanda ýygnanmaly diýenimizde, galplyga garşy parahatçylykly göreşi göz öňünde tutýarys. Lukaşenkonyň aldawçylyga ýüz urjakdygy belli zat. Belarus diktaturadan öz giren ýoly, ýagny saýlawyň üsti bilen çykmaly. Biziň ýurdumyzyň dinamiki ösüşini güýçlendirjek diňe saýlawlar. Biz öz ýurdumyzy özgertmek üçin kanuny ýollardan peýdalanarys. Diktaturanyň soňuna çykyp, demokratiýany getirmek üçin ýadawsyz iş alyp bararys.
XS
SM
MD
LG