Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lissabonda NATO-nyň sammiti açyldy


Şu gün NATO ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary ýaranlygyň her ýylda geçirilýän sammitine gatnaşmak üçin Portugaliýanyň paýtagty Lissabona bardylar. Bu sammit iki günläp dowam eder.

Raketa hüjümlerinden goranyş, Owganystan we NATO-nyň täze strategiki konsepsiýasy sammitde garaljak esasy meseleler bolar diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, bu sammitde ýaranlygyň Orsýet bilen gatnaşyklaryna-da garalar. NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rassmussen duşenbe güni eden çykyşynda bu sammitiň ýaranlygyň 61 ýyllyk taryhynda iň wajyp duşuşyk boljakdygyny aýtdy.

“Umuman aýdylanda, gazanylan anyk netijeler, ýagny täze strategiki konsepsiýa, Owganystanda başlanan täze etap we Orsýet bilen täze gatnaşyklaryň başlanmagy Lissabonda geçjek sammite möhüm many berýär. Bu sammit ýaranlygyň geljegini kesgitlär. Şeýle-de ol taryhyň dowamynda NATO-ny iň üstünlikli ýaranlyga öwren esasy sütünlerini berkider” diýip, Fog Rassmussen aýtdy.

Berilýän maglumatlara görä, NATO agza 28 ýurduň raketa hüjümlerine garşy goranyşyň täze sistemasy boýunça ylalaşyga gelmegine garaşylýar. Bu sistema ozalky sistemanyň ornuny tutar. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama geçen ýyl öňki sistemanyň tehniki ýagdaýyny we oňa Orsýetiň garşy çykmagyny göz öňünde tutup, bu sistemany ýatyrypdy.

Ýaranlyk raketa hüjümlerinden goranyşyň bu täze sistemasyna Orsýeti hem çekmäge synanşýar. NATO-Orsýet maslahatyny 20-nji noýabrda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu sessiýa ilkinji sapar prezidentler Barak Obamanyň we Dmitriý Medwedýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň dowamynda raketa hüjümlerden goranyş sistemasyndan başga-da, terrorizme, neşe serişdelerine garşy göreş we internet howpsuzlygy meselelerine garalar. Bu maslahatyň netijesinde Orsýetiň we NATO-nyň ýüzbe-ýüz bolýan howplary we olaryň öňüni almagyň ýollary barada ylalaşyga gelinmegi mümkin.

Mundan başga-da ölüm howpy bolmadyk harby materiýallary Orsýet arkaly Owganystana daşamak barada ylalaşyga gol goýulmagyna garaşylýar.

Şu hepde Birleşen Ştatlaryň NATO-daky ilçisi Iwo Daadler Obamanyň Moskwa bilen täze gatnaşyklary ýola goýmak baradaky tagallalaryny ädimme-ädim durmuşa geçirmäge çagyrdy.

“Bu Orsýet bilen NATO-nyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikdir. Biz Orsýet bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy eýýäm täzeden dikeltdik. Soňky ýyllaryň dowamynda Orsýet NATO agza ýurtlaryň köpüsi bilen gatnaşyklaryny täze derejä ýetirdi. Ýöne muňa garamazdan, Orsýet-NATO gatnaşyklary birneme gowşaklygyna galýar. Biz bu maslahata özara gatnaşyklarymyzy täze derejä ýetirmäge mümkinçilik hökmünde garaýarys” diýip, Iwo Daadler nygtady.

Orsýete ynamsyz garalýar

Emma ýaranlygyň täze agzalary, Gündogar Ýewropadaky ýurtlar, hususan-da, Polşa we baltika döwletleri sowet eýýamynyň ýatlamalaryndan uzaklaşmandyklary zerarly bu gatnaşyklara ynamsyz garaýarlar.

Polşanyň prezidenti Bronislaw Komorowski penşenbe güni ýurduň “Gazeta Wyborsza” gazetinde çap edilen makalasynda Orsýet bilen “konstruktiw gatnaşyklar” “howpsuzlyk nukdaýnazaryndan iki tarap üçin-de bähbitli bolar” diýip ýazdy. Ýöne ol makalasynda “Orsýet bilen gatnaşyklaryň Günorta Ýewropadaky ýurtlaryň howpsuzlyk bähbitlerine zeper ýetirmeli däldigini” hem nygtady.

Polşa we ýaranlygyň beýleki täze agzalary gündogar ganatyndaky goraglaryny güýçlendirmek boýunça täze strategiki konsepsiýanyň kabul edilmegi üçin NATO ýaranlygyna basyş edýärler. Olaryň bellemegine görä, bu meselä sowuk uruş gutarandan soňra ýeterlik üns berilmedi.

Polşanyň goranmak ministri Bogdan Kliçiň penşenbe güni eden çykyşynda aýtmagyna görä, 2013-nji ýylda Polşa we başga-da üç baltika döwletleri 25,000 çemesi söweşijiniň gatnaşmagynda geçiriljek NATO-nyň türgenleşigine goşularlar. Kliçiň bellemegine görä, mundan başga-da, Polşada Amerikanyň F-16 kysymly söweş uçarlarynyň we Gerkules kysymly transport uçarynyň türgenleşigi geçiriler.

“Biziň territorýamyzda Amerikan güýçleriniň bolmagy, eger zerurlyk ýüze çyksa, olaryň kömege geljekdigi barada bize goşmaça kepilnama we ynam berýär” diýip, Polşanyň goranmak ministri Kliç sözüne goşdy.

Ýöne Rasmussen, Orsýete garşy ynamsyzlyga we şübhä garamazdan, Moskwa bilen özara gatnaşyklary ösdürmek barada raýdaşlygyň bardygyny aýtdy: “Men Orsýetiň biziň garaýyşlarymyzy deň paýlaşýandygyna we özara ynamsyzlygyň aradan aýryljakdygyna ynanýaryn. Biziň bilelikde işlemegimize wagt ýetdi we biz bile işleşeris”.

Mundan başga-da, NATO-nyň bu sammitinde 2014-nji ýyldan başlap, Owganystanyň howpsuzlygyny ýerli güýçleriň ygtyýaryna bermek baradaky meselä hem garalar diýlip garaşylýar. Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň şenbe güni bu sessiýada çykyş etmegine garaşylýar. Onuň NATO-dan talyplara garşy operasiýalaryny gijeki wagtlarda geçirmegi azaltmagyny talap etmegi närazylyk döredipdi.

Prezident Obamanyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite maslahatçysy Doug Luteýiň aýtmagyna görä, Owganystanyň howpsuzlygynyň ýerli güýçleriň gözegçiligine berilýändigine garamazdan, ýaranlyk owganlylara kömegini dowam etdirer.
XS
SM
MD
LG