Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

02 budkalary gerekmikä?


Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alan ýyllarydy. Şol ýyllar türkmen goşunynyň ýagdaýy agyrdy. Köçelerde ýyrtyk ädikli, sary giden egin-eşikli esgerleri köp görmek bolýardy.

Obmundirowaniýäniň gözgyny bolşy ýaly, iýmit üpjünçiligi-de ýaramazdy. Öýin-öýin aýlanyşyp, bir döwüm çörek dileşip ýören esgerler henizem göz öňünden gidenok.

Şol ýyllar goşunda ölüm-ýitimem köpdi. Birek-biregi urup öldürmek, açlyga-horluga, kemsitmelere çydaman, özüni otlaýanlar, özüni asýanlar—garaz, aýylganç hadysalar ýetikdi.

Türkmen goşunynyň häzirki ýagdaýy nähili? Iýmit, egin-eşik üpjünçiliginiň kän gowulaşandygyny boýun almak gerek. Elbetde, esgerleriň hal-ýagdaýy ideal derejä ýetdi diýip aýtmak bolmaz.

Gynansak-da, häzir hem uruş-sögüş, ölüm-ýitim gaýtalanyp dur. Eýsem, şeýle ýaramaz hadysalaryň aradan aýrylyp gidibermegine nämeler päsgel berýär?

Goşunda professional hünäri ýokary bolan ofiserler ýetmezçilik edýär. Iň esasy-da, düzgün-tertip gowşak. Pes kadrlaryň, tertibiň gowşak ýerinde-de her dürli hadysalar ýüze çykýar.

Aprel aýlarynyň başydy. Aşgabadyň ozalky Kurortnaýa hem-de Çehow köçeleriniň çatrygyndaky 02 budkasynda pajygaly waka ýüze çykdy. Şol ýerde bir esger özüni asypdyr.

Ýaş ýigidi — esgeri öz-özüne kast etmäge näme mejbur edipdir? Il-günüň, gören-eşidenleriň aýtmagyna görä, esger ýigit özüne kast etmezden önürti hat ýazypdyr. Şol hatda-da ol özüniň ölümine hiç kimiň günäkär däldigini, gullugyň şatysyna çydaman, şeýtmäge mejbur bolandygyny aýdyp gidipdir.

Başga hiç hili maglumat ýok. Bu wakanyň nähili derňelendigini-de bilemzok. Sebäbi Türkmenistanda goşunyň ýagdaýy bilen baglanyşykly islendik waka harby syrdanam beter ýaşyryn saklanýar.

Ýene bir waka. Bu hem 02 budkalarynda asudalygy goraýan esgerler bilen baglanyşykly. Bu waka paýtagtyň mikroraýonlarynyň birinde bolup geçdi. Özüm diri şaýady boldum.

Gijara dükandan oduk-buduk alyp, öýe barýardym. 02 budkasynyň töweregine ýetiberenimde öňümden bir esger çykdy. Ol menden bir manat bermegimi özelenip sorady. Soňra ol özüni iki gün bäri çalyşmandyklaryny, iki gün bärem hiç zat iýmändigini düşündirdi. Özünden habar tutmagy unudandyklaryny aýtdy.

Men esgere bir çörek bilen bir bölek kolbasa berdim. Soň bolsa: «Gulluk edýän ýeriň düýbüne jaň edip, seni çalşar ýaly edeýinmi?» diýip, soradym. Muňa esgeriň zähresi ýaryldy. «Beýtmäweri, agam! Biläýseler, meni öldirler!» diýdi.

Esger çörege işdämenlik bilen ýapyşdy. Men oňa ýene bäş manat uzatdym-da, öýümize ugradym. Öýe gelemsoňam, aç-hor esger ýigidiň halyna gynandym. Ogullarymyň hem gulluk ýaşyna ýetip barýanyny ýatladym. «Olaram goşunda şeýle horlanarlarmyka?» diýip, pikir etdim.

Aslynda, Aşgabadyň her köçesiniň çatrygynda 02 budkalary gerekmikä? Elbetde, asudalygy goramaly! Ýöne her ädimde bir esger goýup çykmak nämä gerek?!

Häzir hökümet edaralarynyň köpüsini esgerler goraýar. Şol edaralaryň daşynda-da azyndan iki esger aýlanyşyp ýör. Olar yzygiderli çalyşýar. Munuň üçin gör, näçe esger gerek?! Dogrusyny aýtsaň, edaralaryň töwereginde esger gögeren ýaly.

Beýle ýagdaý ýurtda komendant sagady yglan edildimikä diýdirýär.

Türkmen goşuny reforma mätäç. Näme üçin hökümet ýolbaşçylary professional goşuna geçmegiň gürrüňini gozganok? Munuň üçin ýurtda ýeterlik serişde bar.

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG