Sepleriň elýeterliligi

Hazar meselesi öňküligine galdy


Bäş hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylary sammitde, 18-nji noýabr.

Bäş hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylary sammitde, 18-nji noýabr.

Bäş hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylary Hazaryň hukuk statusyny kesgitlemek barada ýene bir gezek duşuşyp, belli bir ylalaşyga gelip bilmän, yzlaryna gaýtdylar.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri duşuşykdan öň agzybirlikden gürrüň açsalar-da, Hazar sammiti taraplaryň arasyndaky pikir tapawutlaryny ýene bir gezek aýyl-saýyl etdi. Bir möhüm ylalaşyga gol goýulsa-da, bu Hazar boýunça hyzmatdaşlygyň käbir agzalaryna beýlekilerden köpräk peýda berjege meňzeýär.

Bäş ýolbaşçy Hazar deňziniň hukuk statusy baradaky gepleşikleri dowam etdirmek dogrusynda ylalaşyp, Bakuwdan yzlaryna dolandylar. Aslynda geçýän bu sammitlerden esasy maksat Hazaryň hukuk statusyny kesgitlemek. Ilkinji duşuşyk hem 2002-nji ýylda Türkmenistanda şonuň üçin geçipdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen status baradaky gutarnykly ylalaşygyň ähmiýeti azalyp ugrady.

Muny "FSU" nebit-gaz hepdeliginiň işgäri Jennifer DeLaý şeýle düşündirýär: “Teoriýada belli bir kararyň ýoklugy agtaryş we ösdüriş işlerine zyýan ýetiräýjek ýaly welin, ýöne iş ýüzünde beýle däl. Hazarýaka ýurtlaryň bäşisi-de, eger deňiz eýýäm bölüşilen ýaly hereket edilse, ýitirjek zadymyz köp däl diýen netijä gelene meňzeýär. Olaryň ählisi Hazarda belli bir derejede iş alyp barýar. Olaryň ählisi-de, köp ilerleýiş bolmasa-da, käbir barlag işlerini geçirdiler. Hatda Eýran hem ilkinji buraw işlerine başlady”.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad sammitde hukuk statusy meselesini gozgasa-da, munuň Bakuwda çözülmejegine göz ýetirene meňzeýär. Ol bu barada, näwagt hem bolsa, 2011-nji ýylda gutarnykly karara gelmegi teklip etdi.

Status meselesi aýratyn-da Eýran üçin ähmiýetli. Hazar kanuny taýdan deňiz diýip yglan edilse, onda ol milli sektorlara bölünýär. Her bir sektordaky nebit-gaz hem haýsy ýurduňky bolsa, şonuňky bolýar. Hazar köl bolsa, onda resurslar, has dogrusy alynýan girdeji bäş döwletiň arasynda deň bölünmeli. Hazar milli sektorlara bölünse, Eýran diňe 13 prosent paý alýar. Üstesine-de, ol nebit-gazyň iň az ýeri.

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew munuň bilen ylalaşdylar. Ýöne Hazar köl diýilse, bularyň hiç biri öz ýurtlaryna gelýän ummasyz girdejini Eýran bilen bölüşmäge göwnemese gerek.

Bölünişigiň ýene bir alamaty Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyp geplände görnüp ugrady. Azerbaýjanly ekspert Ilham Şaban bu barada şeýle diýýär: “Türkmen prezidentiniň Baku sammitinde sözlän sözi gaty gyzykly boldy. Has gyzyklysy Berdimuhamedowyň Hazaryň nebit-gazyny akdyrýan turbalaryň geçýän ýurtlarynyň arasynda ylalaşylsa, geçiriji gurup boljakdygyna Türkmenistanyň berk ynanýandygyny aýtmagy boldy”.

Azerbaýjanda ýerleşýän Nebit barlaglary merkeziniň direktory Ilham Şaban: “Bu 2007-nji ýylda Tähranda geçen öňki sammitde bäş prezidentiň gelen ylalaşygyna garşy” diýýär. Şol sammitde Hazarda gurulmaly möhüm turba proýektlerini durmuşa geçirmek üçin hazarýaka döwletleriniň hemmesiniň razylygy bolmaly diýlipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG