Sepleriň elýeterliligi

Ulmanisiň heýkeli oturdylar


K.Ulmanis resmi ýagdaýda milletiň serdary we atasy diýlip atlandyrylypdyr.

K.Ulmanis resmi ýagdaýda milletiň serdary we atasy diýlip atlandyrylypdyr.

Türkmenbaşy şäherinde uruşdan ozalky Latwiýanyň prezidenti Karlis Ulmanisiň ýadygärligi oturdylar. Bu barada Riganyň latyş jemgyýetiniň we milli medeni ösüş gaznasynyň başlygy Mirdza Stirna çykyş etdi.

Mirdza Stirnanyň sözlerine görä, Karlis Ulmanisiň ýadygärligini şäheriň merkezinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýadygärligiň ýerleşjek ýerinde seýilgäh hem bolar.

Häzirki wagtda ýadygärligi taýýarlamak işleri dowam etdirilýär. Onuň uzynlygy 3,1 metr bolup, bahasy 7 müň ýewro töweregi.

Türkmenbaşy şäherinde Karlis Ulmanisiň ýadygärligini oturtmaklyk Latwiýanyň prezidenti Waldis Zatlersiň başlangyjy bilen orta atylypdy. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 2008-nji ýylyň oktýabrynda ylalaşyga gelnipdi.

Türkmenbaşyda aradan çykdy

Karlis Ulmanis (1877-1942) syýasy we döwlet işgäri, 1934-1940-njy ýyllarda Latwiýanyň prezidenti. 1934-nji ýylda K.Ulmanis Latwiýada harby agdarylyşygy geçirýär. 1936-njy ýylda ol özüni Latwiýanyň premýer-ministri hem-de prezidenti diýip yglan edýär. K.Ulmanis resmi ýagdaýda milletiň serdary we atasy diýlip atlandyrylypdyr.

1940-njy ýylda Latwiýa sowet goşunlarynyň girmegi bilen, ol otstawka gidýär we şol ýyl Woroşilowka (Stawropola) deportasiýa edilýär. Ol ýerde Karlis Ulmanis tussag edilýar hem-de 1942-nji ýylyň 1-nji awgustynda Krasnowodsk (Türkmenbaşy) şäherine ugradylýar. 1942-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Karlis Ulmanis aradan çykýar. Onuň mazarynyň nirede ýerleşýändigi häli-häzire çenli mälim däl.

Türkmenbaşynyň türmeleriniň birinde Karlis Ulmanisiň iň soňky gezek sorag edilen protokollarynyň jemlenilendigi barada aýdylýar.

Seýrek waka

Şu çaka çenli Türkmenistanda başga bir döwletiň ýolbaşçysynyň hormatyna diňe Türkiýäniň ilkinji prezidenti Atatürküň ýadygärligi oturdylypdy. Bu waka ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýolbaşçylyk eden döwründe bolupdy.

Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alandan soň, heýkeltaraşlyk iň üns berilýän sungata öwrüldi. Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunuň ýokary galdyrylmagy bilen, onuň heýkelleri juda köp mukdarda ýasalýardy.

S.Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, ýurduň ilkinji adamsynyň heýkelini döretmeklikden el çekildi. Muňa derek tanymal türkmen şahsyýetleriniň heýkellerini döretmeklige üns berlip başlandy.

Ýaňy-ýakynda paýtagtda açylan “Ylham” seýilgähinde gadymy türkmen şahsyýetlerinden başlap 20-njy asyrda ýaşap geçen edebiýat we sungat ussatlarynyň heýkelleri oturdyldy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG