Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan Waşington bilen Tähranyň arasyndan barýar


Gürjüstanyň daşary işler ministri Grigori Waşadze (sagda) Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki bilen duşuşýar, Tbilisi, 3-nji noýabr 2010.

Gürjüstanyň daşary işler ministri Grigori Waşadze (sagda) Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki bilen duşuşýar, Tbilisi, 3-nji noýabr 2010.

Ghia Nodia

Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň ikisi bilen-de gowy gatnaşyklarda bolmak mümkinmi? Bu sorag şu aýyň başlarynda Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki Tbilisä sapar edende döredi.

Ozaly biz «Eýran meselesinde» gowy gatnaşyklar diýip anyk nämä düşünýänimizi kesgitlemeli. Mottakiniň sapary mahalynda iki ýurt wizasyz baryş-geliş we Batumide Eýranyň konsullygyny açmak ylalaşygyna gol çekdi. Bu saparyň öň ýanynda Tbilisi bilen Tähranyň arasyndaky göni uçar gatnawy gaýtadan ýola goýuldy. Iki tarap hem ykdysady hyzmatdaşlygy we syýahatçylygy goldamakda şol bir umumy sözleri dile getirdi. Has giňişräk düşündirilende, Gürjüstan diňe Eýranyň öz umumy goňşulary Türkiýe, Ermenistan we Azerbeýjan bilen bireýýämden bar bolan gatnaşyklarynyň derejesine göterilýär. Ýöne, Gürjüstan Birleşen Ştatlaryň has ýakyn hyzmatdaşy hasaplanansoň, bu ýagdaý aýratyn göze ilýär.

Elbetde, muny Gürjüstanyň ýolbaşçylary hem bilýärler. Olaryň Gürjüstan-Eýran gatnaşyklarynyň işjeňleşmesiniň ýurduň strategiki ugur-ýörelgesine hiç bir täsiriniň ýokdugyny gaýta-gaýta nygtamalarynyň sebäbi hem şunda. Resmiler özara gürrüňlerde Eýran bilen gatnaşyklar meselesinde Günbataryň öňdebaryjy döwletlerinden bidin hiç bir ädimiň ädilmeýändigini aýdýarlar. Ol döwletleriň ählisi Tbilisiniň öz goňşulary bilen gatnaşygy gowulaşdyrmak tagallalaryna oňyn seredýär.

Möhüm sorag

Emma sorag saklanyp galýar: Gürjüstanyň ýolbaşçylary öz esasy ýaranlary bilen gatnaşyklarynda kynçylyk döretmegi mümkin ädimleri näme üçin edýärkäler? Men bu soragyň jogaby bilen bagly iki sany dildüwşük teoriýasyny eşitdim.

Birinji teoriýa görä, Waşington Tbilisini Eýran bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga itekläp, Eýran bilen goşmaça gatnaşyk kanalyny edinmek isleýär. Ikinji teoriýa görä bolsa, Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Gürjüstana köpräk üns bermegi üçin haýbat atýar. «Eger ol meniň bilen duşuşmak islemese, men Mahmut Ahmedinejat bilen duşuşaryn» diýip, bu delilde aýdylýar.

Dildüwşük teoriýalary barada anyk bir zat aýtmak hemişe kyn. Emma Gürjüstanyň Eýran bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmak isleginiň doly esasly sebäpleri hem ýok däl. 2008-nji ýylyň awgustunda bolan uruş Tbilisä iki sany uly sapak berdi. Birinji sapak, Günbataryň syýasy goldawy Gürjüstan üçin gaty möhüm bolup durýar. Sebäbi Moskwanyň agressiw syýasatlarynyň garşysynda bu ýurduň özbaşdaklygyny saklap bilmegi tasdan nola deň. Ikinji sapak, Gürjüstanyň daşary syýasatynda diňe Günbatar goldawyny almagy maksat edinmek howply. Sebäbi Gürjüstana parahat, garaşsyz ösüş üçin zerur bolan goldawy kepillendirmäge ne Birleşen Ştatlar, ne-de Ýewropa Bileleşigi taýýar. Galyberse, ABŞ bilen ÝB öz ileri tutýan ugurlary hökmünde Orsýet bilen gatnaşyklaryny gowulaýar.

Gysgaça aýdylanda, ähli ýumurtgaňy bir sebetde goýmak akyllylyk däl. Gürjüstanyň Günbatara tarap strategiki ugur-ýörelgesi käbir aýratyn alnan meselelerde bähbitleriň çaknyşygyny aradan aýyrmaýar. Uly adamlar bu zatlara gowy düşünýärler.

Seresap ýakynlaşma

Gürjüstanyň öz pozisiýasyny regional derejede hem berkitmegi möhüm. Amerikanlar ýa ýewropalylar muny halaýarmy ýa-da ýok, Orsýet bilen Gürjüstanyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki pursatda deňe-deň oýun ýagdaýyna geldi. Gürjüstan tarapynyň islendik gowşaklygy režim çalşyrmak umydyny elden bermeýän Moskwa tarapyndan Tbilisä basyş görkezmek üçin ulanylyp biljek. Bolmanda, Gürjüstanyň liderleri ýagdaýy şeýle görýär.

Bu hili ýagdaýda goňşularyň islendigi bilen bolan dartgynly gatnaşyk töwekgelligiň başga bir derejesine galdyrýar. Elbetde, biriniň öz goňşusy bilen oňşuksyzlygy öz-özlüginde hem erbet zat. Emma Orsýet ýaly matlaply garşydaş islendik gowşaklygy Gürjüstana garşy ulanyp biljek. Şu sebäpden hem Gürjüstan 2008-nji ýylyň awgustyndan bäri sebitdäki pozisiýasyny güýçlendirmek tagallaryny üzül-kesil artdyrdy, hatda Günbatar bilen ýarmaz gatnaşykda bolan Belarus, Eýran ýaly ýurtlar bilen gatnaşyklaryny hem gowulaşdyrdy.

Gürjüstanyň ýolbaşçylary birbada iki maksady yzarlmaly. Birinjisi, olar Günbatary Tbilisiniň ynamdar, jogapkär we etjek işini öňünden kesgitläp bolýan ýarandygyna ynandyrmaly. Olar bu işi ýurt içinde demokratiki gymmatlyklardan ugur almak we daşary syýasaty öňdebaryjy Günbatar döwletleri bilen sazlaşykly ýöretmek arkaly etmeli.

Ikinji tarapdan, Gürjüstan sebitdäki uly-kiçi täsirli ýurtlar bilen (diňe olar bilen hem däl) gatnaşyklaryny gowulandyrmaly. Hususan-da Ukrianada režim çalşyp, Türkiýede täze daşary syýasat tendensiýalary görnensoň, Günbatara tarapdar döwletler azalansoň, Gürjüstan özüniň sebitde izolýasiýa salynmagyna ýol bermeli däl. Muny etmek üçin Gürjüstan özüniň Waşingtonyň, Brýusseliň ýa ýene biriniň gurjagy däldigini, eýsem özüniň garaşsyz hereket etmäge ukyply döwletdigini görkezmeli.

Ghia Nodia Ilia döwlet uniwersitetiniň professory. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG