Sepleriň elýeterliligi

German gazeti žurnalistleriň «içalydygyny» ret edýär


German gazeti Eýranda tussag edilen iki žurnalistine bildirilýän içalyçylyk aýyplmasyny ret etdi.

Ol iki žurnalist geçen aý, biwepalyk üçin daşlanyp öldürilmeli edilen Sakine Mohammadi Aştiýaniniň oglundan we aklawçysyndan interwýu alýarkalar tutulypdy.

Eýran resmileri olaryň hiç bir delilsiz özlerini žurnalist atlandyrandyklaryny aýdýarlar.

«Bild am Sonntag» gazetiniň baş redaktory Wolter Maýaer gazetiň ýekşenbe günündäki sanynda eýran häkimiýetleri olaryň žurnalistdigini, başga hiç bir zat däldigini gaty gowy bilýär diýdi we olara şindi hem aklawçy berilmeýänliginden zeýrenýär.
XS
SM
MD
LG