Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çawez öz opponetlerini kast ediş niýetinde aýyplaýar


Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez opponentleriniň käbirini özüni öldürip biljek islendik adama 100 million dollar teklip etmekde günäleýär.

Çawez bu aýyplama delil bolup biljek anyk bir zat ýa subutnama aýtmady. Ýöne oppozisiýa tarapdar Wenesuelan Globowizon telewizion stansiýasynyň eýesi Gullermo Zuloaganyň diýilýän dildüwşüge gatnaşyjylaryň biridigini aýtdy.

Çepçi lider şu ýyl galplykda aýyplanandan soň Birleşen Ştatlara gaçan Zuloagany adalatdan gaçmakda aýyplady we Wenesuela häkimiýetlerini oňa garşy çärä görmäge çagyrdy.

Zuloaga özüniň hiç hili bikanun iş etmändigini aýdyp, bu aýyplamany ret edýär.
XS
SM
MD
LG