Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Owganystandan çykyş möhletini ylalaşýar


NATO formal taýdan Owganystyndaky howpsuzlygy 2014-nji ýylyň aýagyna çenli owgan güýçleriniň özüne tabşyrmak ylalaşygyna geldi, ýöne bu ýurdy Talybana garşy söweşde ýeke taşlamajagyny wada berdi.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen bu karary NATO-nyň Portugaliýanyň Lissabon şäherinde geçen sammitinde yglan etdi.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý we Owganystanda söweşýän 48 ýurduň liderleri NATO-nyň Owganystandan çykyş strategiýasy barada maslahat etdiler.

Rasmussen ýaranlygyň geljek ýyldan başlap owgan güýçlerine käbir ygtyýarlyklary berip başlajagyny aýtdy. Emma ol ýaranlygyň bu geçişden soň hem Owganystanda harby güýçlerini saklajagyny, munuň uruşdan tozan ýurduň gaýtadan baş-başdaklyga düşmeginiň öňüni almak üçin zerurdygyny aýtdy.

Gol çekilen şertnama astynda NATO Owganystanyň ýaragly güýçlerine 2014-nji ýyldan soň hem howa güýçleri, tälim beriş, maslahat, gatnaşyk goldawyny üpjün eder.
XS
SM
MD
LG