Sepleriň elýeterliligi

Pop «belli ýagdaýlarda» prezerwatiw ulanmak bolýar diýýär


Pop Benedikt XVI «belli ýagdaýlarda», hususan-da HIV wirusynyň ýokaşmak töwekgelligini kemeltmek üçin prezerwatiw ulanmak kabul ederlik diýýär.

Benedikt bu sözleri «Dünýäniň nury: Pop, Ybadathana we Zamananyň alamatlary» atly täze kitabynda aýdýar.

Bu kitap germaniýaly žurnalist Piter Siwolda berlen 20 sagatlyk interwýular tapgyry esasynda taýýarlanypdyr.

Watikan şu wagta çenli, jynsy gatnaşykdan saklanmakdan başga, göwreliligiň öňüni alýan islendik çäräni, hatda jynsy gatnaşyk esasynda geçýän kesellerdan goranmak çäresi hökmünde hem gadagan edýärdi.
XS
SM
MD
LG