Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt Peterburgda gaplaňlary halas etmek maslahatlaşylýar


Dünýäniň 13 ýurdundan gelen delegatlar ýekşenbe güni Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde gaplaňlary halas etmäge bagyşlanan maslahaty açdylar.
Ekspertleriň käbiriniň pikirine görä, dünýädäki gaplaň tohumy gyrlyp gutarylmaga ýakynlaýar.

Bu maslahatdan esasy maksat gelýän 12 ýylda, 2022-nji ýyla ýa-da geljekki Gaplaň ýylyna çenli dünýäniň ýabany gaplaňlarynyň sanyny iki esse köpeltmek üçin edilmeli işleriň hereket-plany barada ylalaşmak bolup durýar.

Dünýä Ýabany haýwanlar fondunyň aýtmagyna görä, häzir dünýäde bary-ýogy 3200 çemesi ýabany gaplaň bar. Bir asyr ozal olaryň sany 100 müň diýlip hasaplanypdyr.

Tokaýlaryň we jeňňelikleriň weýran edilmegi hem gaplaň derileriniň we beýleki beden bölekleriniň gara bazarda satylmagy gaplaň tohumynyň kesgitli azalmagyna getiripdir.
XS
SM
MD
LG