Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň maliýe ministrleri Irlandiýa kömek bermäge taýýar


Gyssagly maliýe kömegini bermek baradaky Irlandiýanyň haýyşyna Ýewropa Bileleşine agza ýurtlaryň maliýe ministrleri ýardama taýýardyklaryny aýdyp, jogap berdiler. Olar şu ýylyň ýaz aýlarynda döredilen durnuklylyk fondundan kömek edip biljekdiklerini aýtdylar.

Irlandiýanyň maliýe ministri Braýan Lenihan öz ýurdunyň 100 milliard ýewro golaý kömege mätäçdigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Irlandiýanyň maliýe problemasynyň tutuş ýewro zonasynda krizise getirmeginiň mümkindiginden howatyrlanýar.

Halkara walýuta fondunyň, Ýewropanyň merkezi bankynyň we Ýewropa komissiýasynyň wekilleri geçen penşenbeden bäri Irlandiýanyň banklaryna kömek etmek barada gepleşikler geçirýärler.
XS
SM
MD
LG