Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýanyň ýadro ambisiýalaryna alada bildirilýär


ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň ştabynyň başlygy Maýk Malleniň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýada urany baýlaşdyrmak boýunça täze döwrebap zawodyň gurulmagy bu ýurduň ýadro ýaragyny edinmek isleýändigini görkezýär.

Admiral Malleniň sözlerine görä, Orsýet, Hytaý, ABŞ, Ýaponiýa we Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Iriň ýadro programmasy baradaky ambisiýalarynyň bardygy üçin oňa bilelikde basyş etmeli.

Demirgazyk Koreýanyň syrly ýadro desgalaryndan habarly bolan amerikaly ýadro boýunça alym Zigfrid Heker “The New Ýork Times” gazetine beren interwýusynda ol ýerdäki täze zawoda haýran galandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň ýörite wekili Stiwen Boswort ýekşenbe güni Seula bardy. Ol Günorta Koreýanyň resmileri bilen gepleşiklerinden soň, Phenýanyň urany baýlaşdyrmak işinde köp öňegidişlik gazanandygy baradaky maglumatlara alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG