Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň ýaşaýjylary ABŞ-nyň teklibine närazylyk bildirdiler


Düýn müňlerçe ýewreý ýaşaýjylary premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň edarasynyň ýanynda protest geçirdiler. Olar täze jaýlaryň gurluşygyny wagtlaýynça togtatmak barada ABŞ-nyň teklibine närazylyk bildirdiler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Ysraýyla syýasy we harby kömek üçin Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky gurluşyklaryny 90 günläp togtatmagy teklip etdi. Bu ABŞ-nyň Ysraýyl-Palestin ýaraşyk gepleşiklerine goldawynyň bir bölegi bolup durýar.

Ysraýyl şol teklibe resmi taýdan entek jogap bermedi. Emma düýn Palestinanyň lideri Mahmut Abbas Hillary Klintonyň teklibini tankytlady. Ol eger gündogar Ýerusalimdäki gurluşyklaryň doňdurylmagynyň möhleti uzaldylmasa, onda özüniň gepleşiklere täzeden başlamajakdygyny aýtdy.

Resmiler düýn premýer-ministr Netanýahunyň edarasynyň ýanynda bolan proteste müňlerçe adamyň gatnaşandygyny we olaryň aglabasynyň ýetginjeklerdigini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG