Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 21 adamyň deputatlygy ýatyryldy


Owganystanyň saýlawlar boýunça arzalara seredýän komissiýasy sentýabr aýyndaky parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandygy yglan edilen 21 kandidatyň deputatlyklarynyň ýatyrylandygyny habar berdi.

Düýn komissiýanyň agzasy Ahmet Rafatyň aýtmagyna görä, kandidatlar galp sesleri we welaýatyň resmilerine täsirlerini ulanypdyrlar. Ol deputatlygy ýatyrylanlaryň aglabasynyň garaşsyzdygyny we käbiriniň ýokary derejeli resmiler bilen gatnaşygynyň bardygyny hem sözüne goşdy.

Saýlawlar boýunça arzalara seredýän komissiýanyň agzasy Ahmet Rafat deputatlygy ýatyrylanlaryň suda ýüz tutup bilmejekdiklerini hem aýtdy.

18-nji sentýabrda Owganystanda geçirilen parlament saýlawlarynyň jemleýji netijeleri entegem yglan edilmedi. Sebäbi arzalar barada derňew geçirilýär.
XS
SM
MD
LG