Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada Nuremberg sudlarynyň hatyra sergisi açyldy


Ýekşenbe güni Germaniýada uruş jenaýatlary boýunça Nuremberg sudlarynyň hatyra sergisi açyldy. Nuremberg sudlarynyň başlanyna 65 ýyl geçdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu dabara ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen bilelikde gatnaşdy. Lawrow bu sudlar "biziň siwilizasiýamyzyň taryhy üçin möhüm" diýdi.

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle bolsa, “Nuremberg sudlary nasistik Germaniýada kanunyň ýoýulmagyna jogap” diýdi.

1946-njy ýylyň oktýabr aýynda ABŞ-dan, Sowet Soýuzyndan, Britaniýadan we Fransiýadan gelen sudýalar Hermann Goeringi we nasistik režimiň başga-da 11 agzasyny ölüm jezasyna höküm edipdiler.
XS
SM
MD
LG