Sepleriň elýeterliligi

Kandahardaky partlamada 3 sany asuda owgan ýaşaýjysy öldi


Düýn NATO-nyň habar bermegine görä, Kandahardaky ýolda bolan partlamada 3 sany asuda owgan ýaşaýjysy öldi we başga-da 4-si agyr ýaralandy.

NATO agyr ýaralananlaryň ýaranlygyň regiondaky harby keselhanasyna ýerleşdirilendigini aýtdy.

Häzirlikçe bu partlamanyň jogapkärçiligini haýsyda bolsa bir topar boýun almady. Emma bu şeýle usullary köp ulanýan talyplaryň işi bolmagy mümkin.

Owganystana ynsanperwerlik kömegini berýän 30 çemesi halkara guramasy asuda ilaty goramak üçin has köp tagalla etmäge çagyrýar.

BMG-niň statistikasyna görä, 2001-nji ýylyň ahyrlarynda talyplar häkimiýetden agdarylaly bäri Owganystanda has köp asuda ilat şu ýyl öldürildi.
XS
SM
MD
LG