Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Umumy bähbit azmy ýa oňşuksyzlyk köp?


Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylary Hazar sammitinde, 18-nji noýabr.

Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylary Hazar sammitinde, 18-nji noýabr.

Hazarýaka bäş döwletiň baştutanlarynyň Baku sammitiniň baş netijesi eýýäm belli boldy. Hazaryň hukuk durumyny kesgitlemek meselesi näbelli möhlete çenli soňa süýşürildi. Ondanam başga biri-birine garşy iki tarap – Orsýet bilen Türkmenistan özüni belli etdi.

Prezidentleriň bu duşuşygynda Orsýetden sowlup, türkmen gazyny Ýewropa akdyrjak “Nabukko” proýektine Türkmenistanyň gatnaşjakdygyny, Ýewropa bilen ýakynlaşjakdygyny açyk aýdan ýeke-täk prezident Gurbanguly Berdimuhamedow boldy. Hut şu proýekt hem ençeme wagt bäri Orsyet ýolbaşçylaryny biynjalyk edip gelýär.

Türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagy, birinjiden, Orsýetiň býujetine ep-esli zyýan ýetirer. Ikinjiden, Türkmenistanyň hem Hazar regionynyň beýleki ýurtlarynyň Ýewropa göni çykalga eýe bolmak fakty Orsýet üçin duýarlykly zarba bolar. Munuň netijesinde Orsýetiň Türkmenistana-da, Ýewropanyň özüne-de täsiri peseler. Aşgabat eýýäm Hytaý we Eýran bilen energetik gatnaşyklaryny aktiw ösdürýär.

Ýewropa bazaryna eýe bolup, Türkmenistan Moskwa ykdysady garaşlylykdan, soňy bilen syýasy garaşlylykdan doly azat bolup biler. Hazar deňziniň düýbüni peýdalanmak barada türkmen prezidenti şeýle diýdi: “Hazar deňziniň asty bilen çekiljek turba kimiň deňiz giňişliginden geçýän bolsa, şol taraplaryň ylalaşygy, razylygy bilen gurlup bilner”.

Orsýet tarapy düýbünden başga, muňa garşy pozisiýany yglan etdi. “Transhazar” gazgeçirijisini gurmak ideýasyna islendik usullar bilen garşy çykjakdygyny ýaňzytdy. Eýýäm Orsýetiň garşy çykmasynyň baş konsepsiýasy kesgitlendi hem mälim edildi. Hazaryň astyndan geçmeli turbany diňe ähli hazarýaka döwletleriň razylygy bolsa, gurup bolar – diýip, Moskwa hasap edýär. “Birtraplaýyn ädimler Kaspide deňagramlylygy, balansy bozar, bu bolsa ýol bererlik ýagdaý däldir” - diýip, Orsýetiň prezidenti aýtdy.

Orsýet “ekologiýany goraýar”…

Şol bir wagtda-da näme üçin Hazaryň düýbünden turba çekilmegine garşydygyny, muny goldamaýandygyny Dmitriý Medwedew resmi taýdan delillendirdi. Ol, hususan-da: “Daşky gurşawy goramak boýunça berk balans möhüm. Islendik näsazlyk ýa-da betbagtçylyk deňizde uly paýhynlaýjy netijelere getirer” diýdi. Moskwa özüniň ekologik tutaryklary bilen ”Nabukko” proýektini uzak wagtlap başa bardyrman biler - diýip, halkara synçylar belleýärler.

“Transhazar” turbasy bilen bagly ähli ekologik şübheleri dargatmaga synanyşyp, G.Berdimuhamedow Bakuwda bolan metbugat konferentsiýasynda suw astyndan çekiljek turbanyň iň häzirki zaman halkara standartlary boýunça guruljakdygyny ynandyrdy. Şol pikiri türkmen prezidenti Aşgabada gaýdyp gelenden soňam, Ministrler Kabinetiniň maslahatynda gaýtalady hem-de “Nabukko” proýekti gurlanda, ähli halkara ekologik normalaryň berkden-berk berjaý edilmedidigini nygtady.

Baku duşuşygy Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylygy özboluşly güýçlendirdi hem uzak möhletleýin giňişlige geçirdi.

Hazarýaka sammitini bäş prezident ikitaraplaýyn duşuşyklar üçin ulandylar. Bärsinden bir duşuşyk bolmady: Berdimuhamedow bilen Medwedew ikiçäk duşuşmazlyk kararyna geldiler. Bu, elbetde, bir anyk soragy döredýär: umumy bähbitler şeýle azmy ýa-da oňşuksyzlyk şeýle köpmi?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG