Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ekstremizmiň ösmeginden gorkulýar


Täjigistanda ekstremizmiň alamatlaryny görýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:35 0:00

Soňky aýlarda Täjigistanda Çorkuhyň we Sogd welaýatynyň Isfara etrabynyň polisiýasy juda işli boldy.

Çorkuhda we Çilduhtaron regionynda polisiýanyň geçiren iki reýdinde gozgalaňçy diýlip güman edilýän bäş adam öldürildi. Häkimiýetler olaryň ikisiniň gadagan edilen “Özbegistanyň yslamçy hereketi” atly toparyň tarapdary bolandygyny habar berdiler. Olaryň başga biri bolsa, terroristleriň daşary ýurtdaky gizlin lagerinde türgenleşik geçdi diýip, polisýa habar berdi.

Duşenbedäki resmiler yslamçy guramalaryň tarapdarlarynyň köpelmeginden howatyrlanýarlar. Ylaýtada Isfarada “Özbegistanyň yslamçy hereketi”atly toparyň tarapdary köp. Diňe Çorkuhda ekstremist toparlar bilen gatnaşykda aýyplanan 15 adamy polisiýa gözleýär.

Isfara etrabynyň onlarça raýaty “Özbegistanyň yslamçy hereketi” atly toparyň agzasy bolanlykda ýa-da gadagan edilen topary goldanlykda aýyplandylar. Geçen iki ýylda bu etrapda polisiýa edilen hüjümlerde hem onuň agzalary aýyplandy. Gündiziň güni bolan bir hüjümde polisiýa işgäri atylyp öldürildi we başga-da ikisi ýaralandy.

Isfara etraby Fergana jülgesiniň merkezinde ýerleşýär. Resmiler Isfaradaky islendik bidüzgünçiligiň ýa-da gozgalaňçylaryň işiniň bütin regiona ýaýramagynyň mümkindigini duýdurýarlar. Bu etrapda Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň anyk serhedi hem ýok.

Ýerli media Isfarany Sogd welaýatynyň "Yslam üçburçlygy" diýip atlandyrýar. Hatda sowet eýýamynda hem bu regionda yslamyň düzgünleri doly berjaý edilipdi. “Isfadarada molla köp. Olar ýerli çagalara yslamy öwredýärler”diýip, Çorkuhdaky metjidiň ymamy Raşidhon Seýitmuhammedow aýdýar. “Dogrymy aýtsam, menem ilkinji dini sowady gadagan edilen kurslarda aldym” diýip, ol sözüne goşdy.

Iki tarap hem tankytlanýar

Ymam Raşidhon Seýitmuhammedow yslamçy gozgalaňçylary we hökümetiň yslam baradaky syýasatyny berk tankytlaýar. Şeýle-de ol ekstremist we terrorist toparlary hem ýazgarýar. Ymam: “Hudaý kimdir biriniň yslamyň adyndan başga birini jezalandyrmagyny buýurmaýar” diýýär.

Raşidhon Seýitmuhammedow ýene-de şeýle diýýär: “Eger şol adamlar yslamy goramakçy bolsalar, onda metjide baryp, namaz okamaly we ymam bolmaly. Eger olar käbir toparlar bilen ýaranlyk etmek isleseler, onda nämeüçin resmi taýdan hasaba alnan Täjigistanyň “Yslamy gaýtadan dikeldiş” partiýasyna girmän, gadagan edilen ekstremist toparlara goşulýarlar?”

Şeýle-de Raşidhon Seýitmuhammedow, öz atlandyryşyça, häkimiýetleriň yslam barada “ýalňyş” syýasatyny hem tankytlaýar: “Näme üçin ofisde işleýänlere metjitde namaz okaýanlara goşulmaga rugsat bermeýärler? Näme üçin 50-den ýaş bolanlara sakgal goýbermek gadagan? Eýse, metjitde namaz okalmagy ýada zenanlaryň ýaglyk daňmagy ýurduň ösüşine nähili zyýan etsin?”

Onuň sözlerine görä, bu zatlar ters netije berýär we dini düzgünleri asudalyk bilen ýerine ýetirýänleriň närazylygyna sebäp bolýar. Emma ymam Raşidhon Seýitmuhammedow Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanda, prezident Rahmonyň hökümetiniň dini azatlyga köp hormat goýýandygyny hem belledi.

Çorkuhda 28 metjit bar. Bu welaýatyň başga obalaryndaky metjitlerden iki esse çemesi köp. Çorkuhda medrese hem bar we onda 200 çemesi çaga yslamy öwrenýär. Emma “Salmoni Fors” medresesini gutaranlar Owganystanda Halkara güýçleri tarapyndan tussag edilenden soňra, bu medrese ýapyldy.

“Durmuş kyn bolsa, dinçi artýar”


Asly Isfaraly syýasatşynas Asadulla Kerim welaýatyň beýleki ýerlerine garanda, bu etrapda dini konserwatizmiň ösendigini ykrar edýär. Şol bir wagtyň özünde ol Isfaranyň yslamçy gozgalaňçylaryň täze mekanyna öwrülýändigi baradaky aladalaryň ýerliksizdigini belledi. ”Dindar bolmak ekstremist toparlaryň tarapdary bolmak dal ähyry” diýip, ol aýtdy.

Kerim ýaşlaryň arasynda garyplygyň ösmegini we uçdantutma işsizligi Isfarada yslamçy gozgalaňçylaryň köpelmegine esasy sebäp hasaplaýar. 80-nji ýyllarda Isfarada 21 zawod we kärhana bardy. Häzir olaryň bary-ýogy 3-4 sanysy işleýär. 35 müň ilatly Çorkuhda iş tapmak juda kyn diýip, ol aýdýar.

“Hut şeýle ýagdaý bolansoň, käbirleri radikal toparlara goşulýarlar. Çünki olar öz agzalaryna maliýe kömegini edýärler. Käbir ýaşlar üçin radikal toparlar girdeji çeşmesine öwrülýär. Bular biziň şu günki inkär edip bilmejek hakykatlarymyzyň bir bölegi” diýip, Kerim belledi.

“Sen güýç, adam öldürmek bilen ekstremizmiň öňüni alyp bilmersiň. Ýaşlara zerur mümkinçilikleri döretmeli. Olar öz durmuşyndan hoşal bolmaly we öz pikirlerini arkaýyn aýdyp bilmeli” diýip, siýasatşynas Asadulla Kerim aýtdy.

Ýöne prezident Imamoli Rahmonyň hökümeti dine uýýanlary gysýar we söz azatlygyny bogýar. Ýurtda ykdysadyýetiň çökýändigi üçin täjikleriň köpüsi “ýüzüni dine öwürýär”. Muňa bolsa ekstremizmiň ösmegi hökmünde garamak dowam edýär.
XS
SM
MD
LG