Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň Hazardaky pozisiýasy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriçe, Hazardaky territorial giňişlik 20 deňiz mili bilen kesgitlenmeli we onuň daşarky araçägi döwlet serhedi bolmaly.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriçe, Hazardaky territorial giňişlik 20 deňiz mili bilen kesgitlenmeli we onuň daşarky araçägi döwlet serhedi bolmaly.

Hazarýaka döwletleriniň liderleriniň geçen hepde Bakuwda geçirilen üçünji sammiti bilelikdäki beýannama we Hazar deňziniň howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekilmegi bilen tamamlandy. Emma bu duşuşyk regionyň döwletlerini gyzyklandyrýan käbir ýiti meseleleriň gozgalmagy bilen hem tapawutlandy.

18-nji noýabrda Bakuwda geçirilen sammitde howpsuzlyk boýunça gol çekilen bäş taraplaýyn ylalaşyk terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, gaçakçylyga we bikanun ýarag dolanyşygyna, şeýle-de hapa pullaryň, şol sanda jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşi öz içine alýar.

Emma bu sammitiň esasy netijeleriniň taraplaryň resmi derejede gol çeken dokumentlerine däl-de, regionyň döwletleriniň köpçüligi gyzyklandyrýan käbir meseleler boýunça öňe süren pozisiýalaryna bagly bolanlygyny bilermenler belleýärler. Taraplaryň Hazar deňziniň statusy boýunça umumy pozisiýa gelmäge taýýarlygyny mälim edip, ýakyn wagtda indiki sammiti geçirmäge bildiren isleginiň oňyn ädim bolanlygyny aýdýarlar.

Duşuşyklaryň ähmiýeti

Orsýetiň Syýasy barlaglar institutynyň bilermeni Aždar Gurdow Sowet Soýuzy dargandan soňky onýyllykda ýüze çykan uly problemalara garamazdan, ýekeje sammitiň geçirilmänligini belläp, soňky on ýylyň dowamynda bolsa şeýle sammitleriň üçüsiniň geçirilenligini belledi. Bilermeniň pikiriçe, hazarýaka döwletleriň liderleriniň duşuşyklarynyň arasyndaky möhlet hem barha azalýar.

Hazarýaka döwletleriniň birinji sammiti 2002-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilipdi. Ikinji sammit 2007-nji ýylda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirildi. Geçen hepdede Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilen üçünji sammitde mälim edilişine görä, indiki duşuşyk 2011-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda bolar.

Hazarýaka döwletleriniň liderleriniň Bakuwdaky sammitinde regionyň döwletleriniň Hazar deňzine we onuň baýlyklaryna degişli hak-hukuklarynyň ykrar edilýänligi ýene-de tassyklandy. Deňizde serhetleşýän taraplar Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça konwensiýany işläp düzmek baradaky niýetlerini hem tassykladylar.

Mundan daşgary-da taraplar döwlet baştutanlarynyň we daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmeginiň we Hazar deňziniň durumyna degişli konwensiýany taýynlamak boýunça ýörite işçi toparynyň işiniň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini hem tassykladylar. Hazar deňziniň kanuny statusyna degişli problemalar onuň suw we suwasty giňişlikleriniň bölünişine bagly.

Aşgabadyň pozisiýasy

Hazar deňziniň gündogar kenarynyň 1,200 kilometri öz territoriýasyna degişli bolan Türkmenistan Hazar deňziniň bölünişiginiň ykrar edilen halkara kanunlary esasynda we hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hormat goýulmagy hem nazara alynmagy esasynda amala aşyrylmagynyň tarapyndadygyny tassyklady.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bakuw sammitinde bellemegine görä, Türkmenistan "Hazar deňziniň suw giňişligi içerki, territorial we umumy suw giňişliklerine bölünýär" diýen pozisiýasynda durýar. Onuň pikiriçe, territorial giňişlik 20 deňiz mili bilen kesgitlenmeli we onuň daşarky araçägi döwlet serhedi bolmaly.

Hazar deňziniň kanuny bölünişigine Türmenistanyň Azerbaýjan bilen özara territorial dawasynyň berýän päsgelçiliginden daşgary Orsýetiň we Eýranyň energiýa bähbitleriniň we bu ýurtlaryň regionda öz syýasy täsirini güýçlendirmek boýunça edýän hereketleriniň hem päsgel berýänligini bilermenler belleýärler. Türkmenistan bolsa Hazar deňzine degişli çözülmän galýan meselelere syýasy aheňiň berilmegine garşy çykyş edýär.

Ýewropa ugry

Hazar deňzinde turba ýollarynyň gurluşygy Türkmenistan üçin möhüm mesele bolmagynda galýar. Bu meseläni sammitde gozgan türkmen prezidenti G.Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Türkmenistan Hazar deňzinde gaz geçirijilerini özüne degişli giňişlikden turba geçmeli döwletleriň razylygy bilen çäklenip, gurup boljagyna berk ynanýar.

Aždar Gurdowyň bellemegine görä, Türkmenistanyň öňe süren bu pozisiýasy mundan öň Gazagystan tarapyndan hem öňe sürlüpdi. Emma muňa Orsýet we Eýran garşy çykyş edip gelýärler. Bilermeniň pikirine görä, Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda gaz söwdasyna degişli gapma-garşylyklar dowam edýärkä, şeýle pozisiýanyň G.Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülmegi, Türkmenistanyň öz energiýa syýasatynda saýlap alan ugrundan habar berýär.

Energiýa meseleleri boýunça rumyniýaly alym Dan Susionyň pikirine görä, hazarýaka sammitinde Türkmenistanyň turbageçirijileriň gurluşygy meselesini gozgamagy “Nabukko” proýektiniň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm ädim bolup biler. D.Susio: “Bu örän möhüm, sebäbi “Nabukkonyň” potensial ýaranlar tarapyndan gaz bilen üpjün edilmegi henize çenli-de sorag astynda galýar. Şeýlelikde Türkmenistanyň partnýorlygy “Nabukkonyň” ilerlemegi üçin örän möhüm” diýýär.

19-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen energiýa forumynda Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Hojamuhammedow Türkmenistanyň Ýewropa tarap ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrmak üçin taýýarlyk görýänligini habar berdi. Ol “Ekologiýa düzgünleriniň üpjün edilip, barlaglaryň geçirilmegi esasynda Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ylalaşyljakdygyny” aýtdy. Türkmen resmisi “Bu Türkmenistanyň öz tebigy gazynyň eksportynyň ugurlaryny köpeltmek syýasatyna gabat gelýär” diýip belledi.
XS
SM
MD
LG