Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Owganystan çagalar üçin howpsuz diýýär


NATO-nyň Owganystandaky wekiliniň aýtmagyna görä, Kabulda ýaşaýan çagalar dünýäniň beýleki künjekleri, şol sanda London we Nýu-Ýork bilen deňeşdirilende, has howpsuz ýagdaýda ýaşaýarlar.

Berilýän maglumatlara görä, Owganystanda hatda talyplaryň höküm sürýän ýerlerinde-de çagalar gündelik ýaşaýyşlaryny howpsuz ýagdaýda geçirýärler.

Emma Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar fondunyň berýän maglumatlaryna görä, Owganystan çagalaryň ýaşamagy üçin iň howply ýerleriň biri bolmagynda galýar.

“Reuters” habarlar gullugynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylyň birinji ýarymynda Owganystanda öýde ýasalan partlaýjy serişdeleriň partlamagy we janyndan geçenleriň hüjümleri netijesinde 74 töweregi çaga ölüpdir.
XS
SM
MD
LG