Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada ministr degişmeli çykyşy üçin wezipesinden çetleşdirildi


Ýaponiýanyň adalat ministri Minoru Yanagida özüniň degişmeli çykyşy sebäpli wezipesinden çetleşdirildi.

Minoru Yanagida parlament agzalarynyň soraglaryna jogap berende diňe iki sözlemden, ýagny “Men beýle kommentariýalardan saklanýaryn” we “Men kanun esasynda hereket edýärin” diýen sözlemlerden peýdalanýandygny aýdypdyr.

Bu çykyş Ýaponiýanyň kanun çykaryjylarynyň arasynda uly nägilelik döredipdi. Şu sebäpli olar adalat ministriniň öz wezipesinden gitmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG