Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň öňki resmileriniň üçüsi suddan gaçdy


Gyrgyzystanyň öňki resmileriniň üçüsi aprel aýynda dörän çaknyşyklar bilen bagly sud jogapkärçiliginden gaçyp, öýlerini terk etdiler.

Şu ýylyň aprel aýynda hökümete garşy geçirilen demonstrasiýalarda protestçilere garşy ok atmakda, ok atmak buýrugyny berenlikde günälenip, 28 adam, şol sanda ýurduň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew hem sud jogapkärçiligine çekilipdi.

Jogapkärçilige çekilenleriň 6-sy häzirki wagtda ýurduň daşynda ýaşaýar, beýleki 22 adam öý tussaglygynda saklanýardy.

Gyrgyzystanyň prokurorynyň aýtmagyna görä, duşenbe güni Bakyýewiň hökümetiniň öňki baş prokurory, apparatynyň dolandyryjysy we sekretariatynyň başlygy öýlerini terk edip, näbelli tarapa gidipdirler.
XS
SM
MD
LG