Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek türmesindäki tussaglar açlyk yglan edýärler


Özbegistanyň “Žaslyk” türmesindäki 30-dan gowrak tussag özlerine bolan gatnaşyga protest bildirip, oktýabr aýynyň ahyryndan bäri açlyk yglan edip gelýärler.

Şol tussaglylaryň käbiriniň ýakyn garyndaşlarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olaryň ýakynlary ekstremistik yslamçylykda aýyplanyp, tussag edilipdirler.

Tussag edilenleriň garyndaşlarynyň bellemeklerine görä, tussaglar diňe musulman bolandyklary, metjitlere gidip, dowamly bäş wagt namaz okandyklary üçin günäkär yglan edilýärler.

“Žaslyk” Özbegistanyň iň agyr we ýowuz şertli türmeleriniň biri hasaplanýar. Il arasynda ony “barsa-gelmez” diýip hem atlandyrýarlar.
XS
SM
MD
LG