Sepleriň elýeterliligi

ÝB we HWF Irlandiýanyň dadyna ýetişer


Ýewro zonasyna degişli beýleki ýurtlar Irlandiýa kömek edilmedik ýagdaýynda ýewronyň çökmeginden gorkýarlar.

Ýewro zonasyna degişli beýleki ýurtlar Irlandiýa kömek edilmedik ýagdaýynda ýewronyň çökmeginden gorkýarlar.

Irlandiýa maliýe taýdan kyn ýagdaýa düşen bank sektoryny halas etmek we býujet defisitini kemeltmek üçin ýekşenbe güni Ýewropa Bileleşigine we Halkara walýuta fonduna ýüz tutdy. Bu kynçylyklary ýeňip geçmek üçin Dubline uly möçberde kredit gerek.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri hem munuň bilen derrew ylalaşdylar. Olar: “Bileleşik we Halkara pul fondy tarapyndan göz öňünde tutulan 100 milliard ýewro Ýewropa Bileleşigine, ýewro zonasyna degişli ýurtlara durnuklylyk getirer” diýýärler.

Ýöne bu pul Irlandiýa ýönekin berlenok. Ol bu kreditleri aljak bolsa, berk şertleri ýerine ýetirmeli. Bu barada hem öten hepde Dublin bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Halkara walýuta fondunyň arasynda gepleşik geçdi.

Tygşytlylyk talap edilýär

Irlandiýanyň premýer-ministri Braýn Koweniň aýtmagyna görä, bu şertleriň käbirinde esasan üns merkezinde duran zat - ýurduň hususy banklaryndan, şeýle hem irland hökümetinden berk tygşytlylyk talap edilýär.

Irlandiýanyň premýer-ministri Braýn Kowen
“Ýönekeýleşdirip aýtsak, irland banklary indi öňkülerinden ep-esli kiçi bolar. Şeýdip, olar öz aýagynyň üstünde durar ýaly ýagdaýa geler. Ylalaşygyň esasy elementiniň ikinjisi-de býujet defisitimizi azaltmak bolar. Has düşnüklisi, hökümet salgytlary artdyrp, edilýän çykadyjylary, mümkin boldugyça, kemeltmeli bolar” diýip, Kowen aýtdy.

Ýewro zonasyna degişli beýleki ýurtlar Irlandiýa kömek edilmedik ýagdaýynda ýewronyň çökmeginden gorkýarlar. Ýewropa resmileri berilýän bu kredit Irlandiýanyň maliýe bazarlaryndaky bergilerine gidýän harajaty kemelder diýip, umyt edýärler. Ýene bir maksat, ýewro zonasynda agyr býujet kemçiliginden ejir çekýän Portugaliýa, Ispaniýa, Gresiýa we Italiýa ýaly ýurtlaryň maýa goýujylaryň ynamyndan gaçmazlygy.

Irlandiýa krizisi ýeke bu ýurt bilen çäklenmeýär. G7 ýurtlarynyň ministrleri: “Bu krizisiň global maliýe sistemasyna ýokaşmazlygy üçin Irlandiýa kömek edilmegi zerur iş” diýýärler.

Eksport güýji


Ýöne kredit üçin Ýewropa Bileleşigi we Halkara walýuta fondy tarapyndan Irlandiýadan talap edilýän berk tygşytlylyk çäreleri dogry ýol däl diýip hasaplaýanlar bar. Olaryň biri Londonda ýerleşýän Ýewropa Reformasy baradaky merkeziň baş ykdysadyýetçisi Simon Tilford.

“Bu ýerde esasy mesele, jemgyýetçilik maliýesi gaty gowşak ýewro zonasyna degişili beýleki ýurtlara garanyňda, söwdä bäsleşigini ýitiren ykdysadyýetleriň bardygy. Bu ýurtlar ykdysady ösüş üçin pullarynyň hümmetini peseldip, eksporta eýerip bilenok. Sebäbi bular ýewro zonasyna agza” diýip, Tilford belleýär.

Ykdysadyýetçi Simon Tilford: “Bularyň edip bilýän ýeke-täk işi – bu zonanyň içinde edýän çykdajylaryny azaltmak. Hökümetler çykdajyny azaltsalar hem, içki talabyň köki gyrylýar” diýýär. Emma Irlandiýanyň maliýe ministri Braýn Lenihan: “Irlandiýada ýagdaý beýle däl” diýýär. Ol bu aýdýanyny ýurtda ykdysady ösüşiň sagdyn eksporta daýanýanlygy bilen delillendirýär.

“Biziň býujet kynçylyklarymyza, bank sektorymyzda bar bolan kynçylyklara garamazdan, irland ykdysadyýetiniň düýbiniň sagdyndygyny bellemek gerek. Biziň eksportymyz ýylba-ýyl artýar. Ol şu ýyl 6 prosent ösdi. Çak edilişine görä, geljek ýyl biziň gazanjymyz töleglerimizden artar” diýip, Irlandiýanyň maliýe ministri Lenihan aýdýar.
XS
SM
MD
LG