Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aldanýan gyzlar örän köp — hoş söze aldanýan gyzlar.

Aldanýan gyzlaryň köpüsi özleriniň göwresinde çaga galanyny bildikleri, derrew abort etdirýärler, käbiri çagasyny dogrup, bäbekhanada ýa-da zir-zibilleriň ýanynda taşlap gaýdýar.

Aldanýan gyzlaryň üçünji hilleri bar — olar çagalaryny abort hem etdirenoklar, zyňanoklar hem. Adam ýaly dogrup, çagasyny bäbekhanadan alyp çykýarlar. Olar çagalaryny taşlamak islemeýärler. Nähili hor günleri başdan geçirseler-de, çagalaryny ýanlarynda saklaýarlar. Ýa-da şeýdip, özüni taşlan erkege özlerini ýygnatmak isleýärler, ýa-da olar ýukaýürek eneler.

Olar çagalaryny ýyly ojakda ulaltmak üçin çem gelene täzeden äre barýarlar. Atasy bilen ýaşytdaş ýaşula-da barýarlar, biriniň ikinjisi bolup hem ýaşaýarlar.

Türkmenler durmuşa çykman, kimdir biri bilen gizlin gatnaşykda bolup göwreli bolan ýa-da çaga dogran gyzy öýlerine getirmeýärler. Şeýle bolansoň, aldawa düşüp çaga dogurýan zenanlaryň ýagdaýy kyn bolýar.

Owadan ýaş gyzlaryň biri jaýy üçin özünden ep-esli uly rus oglana durmuşa çykypdyr. Ýigit örän içegen. Ol häli-şindi içip gelip, aýalyny öldir ýaly ýençýär. Ýaş zenan onuň ähli jebirlerine çydap ýaşaýar. Ol çagasyny alyp gidere ýeriniň ýokdugyny aýdýar. Köp çagaly enelere jaý bermek çetinkä beýle enelere jaý berilmeýär.

Eneler ýalňyşanda çaga mydama jebir çekýär. Çagalar içegen kakadan gorkýarlar. Olar içip gelýän kakalygy görüp, goňşulara gidip, bukulyp oturýarlar. Diňe üstünden gar-ýagyş geçmeýän tünekde, ejesiniň ýanynda ýaşaýar diýäýmeseň, olaryň çagalyk ýyllary agyr geçýär.

Aldanýan gyzlaryň köpüsi çagasyny ähli zatdan gowy görýärler. Aldanan ýaş enäniň biri ikinji bir kişä durmuşa çykypdyr. Ikinji adamsy onuň çagasyny urupdyr welin, ýaş ene ony taşlap gaýdypdyr. «Meniň çagamy urýan kişiniň tünegi gerek däl. Köçe süpürip, itiň keteginde ýataryn welin, çagamy hiç kime urdurman» diýip, ol zenan aýdýar.

Şeýle rehimli ýüregi bolan zenanlary olary aldan erkek kişileriň taşlaýşyna geň galýarsyň. Käteler beýle gelinlere eliň çyraly hem duşup bolanok.

Eýrandan, Türkiýeden köpräk möhletlik iş bilen ýurda gelenlere sataşýan aldanýan gyzlar olara (ýekeje otag bolsa-da) öz atlaryna jaý satyn aldyrýarlar. Şeýle ýagdaýda-da aldanýan gyzlaryň bagty çüwäýenok. Sebäbi ol eýranlydyr türkden hem çaga dogurmaly bolýar. Adamsynyň öz ýurduna gitmeli möhleti dolanda bolsa, aldanýan gyzyň öňki bir çagasynyň üstüne ýene bir ýa-da iki, käte üç çaga-da goşulaýýar.

Şeýle ýagdaýlar Türkmenistana uzak möhletleýin işlemäge gelen hytaýlylar bilen hem ýüze çykyp başlady.

Şu zatlar barada mesele gozgalanda ýalňyz enelere jaý bermegi ýola goýmagyň zerurlygy hakynda oýlanýarsyň. Eger olar özbaşdak jaýly bolup bilseler, onda durmuşyň ilkinji ajy şarpygyndan soň, ömri ötinçä jebir çekip gezmän bilerdiler.

Ýöne gol doly maşgalalaryň jaý bilen üpjün edilmeýän ýurdunda ýalňyz enelere jaý bermek meselesi barada diňe göwün ýüwürdäýmek galýar.

Parahat Ilmyradow aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Bu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG