Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kambojadaky dowulda 370-den gowrak adam öldi


Kambojanyň paýtagtynda geçen suw festiwaly wagtynda bolan dowulda 370-den gowrak adam öldi we şonça-da adam ýaralandy.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, adamlar dowula düşüpdir we kiçijik köpri arkaly hereket edip başlapdyrlar.

Dowulda basga düşenleriň käbiri halas bolmak üçin özlerini derýa oklapdyrlar we gark bolupdyrlar.

Döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, ölenleriň 240-sy aýal-gyzlar.

Kambojanyň premýer-ministri Hun Sen bu waka barada derňew geçirmegi tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG