Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: täze salgyt sistemasy orta biznese urgy


Kiçi biznes ýöredýän ukrainalylar parlamentiň öňünde täze Salgyt kodeksine garşy demonstrasiýa geçirýärler, 18-nji noýabr.
Kiçi biznes ýöredýän ukrainalylar parlamentiň öňünde täze Salgyt kodeksine garşy demonstrasiýa geçirýärler, 18-nji noýabr.
Leonid Şeremet Ukrainanyň günbataryndaky Kowelden. Ol özüniň kiçi biznesine 2000-nji ýylda 700 dollar sermaýadan başlady. Bu gün Şeremetiň kiçi biznesinde iki adam işleýär we olara gowy aýlyk tölenýär. Şeremetiň aýtmagyna görä, Ukrainanyň häzirki salgyt reformasy onuň biznesiniň ösmegine ýol bermeýär.

Häzir Ukrainadaky düzgüne görä, kiçi we orta biznes bilen meşgullanýanlar her aýda 200-den 600 griwna, ýagny 20 we 75 dollara çenli salgyt töleýärler. Bu salgyt olaryň biznesiniň möçberine bagly.

1999-njy ýylda kabul edilen düzgüne görä, her aýda bir gezek tölenýän salgyt biznes edýänlere juda korrumpirlenen salgyt resmileri bilen hasaplaşmaga mümkinçilik berýär. Emma, täze hökümet öz Salgyt kodeksini teklip edip, onuň zerurlykdygyny we ykdysadyýetiň agyr ýagdaýynda goşmaça girdeji getirjekdigini tekrarlaýar.

Şeremetiň sözlerine görä, eger bu Salgyt kodeksi kabul edilse, onda ol öz işçilerini boşatmaly bolar. Sebäbi täze ýylyň birinji ýanwaryndan tölejek salgydynyň juda ýokary boljakdygy üçin ol girdeji gazanyp bilmez. Hut şoňa görä-de, onuň özi ýaly müňlerçe adamlar täze salgyt kodeksiniň garşysyna protest bildirmek üçin Kiýewiň we beýleki şäherleriň köçelerine çykdylar.

Täze Salgyt kodeksini ilkinji gazek geçen iýulda prezident Wiktor Ýanukowiç tankytlapdy. Şondan soň kodeksiň nusgasy müňlerçe goşmaçalar, tankytlar bilen birlikde premýer-ministr Mykola Azarowa ýollandy.

Kime peýda, kime jeza?


Salgyt bilen bagly beýleki dokumentler ýaly, bu täze kodeks hem kimlere peýdaly bolsa, başgalar üçin jeza – diýip, Ukrainanyň, Orsýetiň we Gyrgyzystanyň hökümetlerinde geňeşçi bolup işlän ykdysatçy Anders Aslund aýdýar. Ol häzir Waşingtondaky Halkara ykdysadyýetleri barada Peterson Institutynda işleýär.

“Bu kodeks iri şirketler üçin oňyn, kiçi şirketler üçin bolsa oňaýly däl. Girdejiden 5 prosent salgyt tölemek iri şirketler üçin örän peýdaly we ol offşor zonalardaky däl-de, Ukrainanyň içindäki iri şirketleriň ösmegine getirer. Bu girdejiden alynýan salgydy azaltmak üçin amatly. Emma bu ýerde iki sany yza gaýtma bar. Birinjiden, ýönekeý salgyt ýok bolýar. Ikinjiden, alada goýýan zat: Halkara hasaplaşyk prinsipleri berjaý edilenok” diýip, Anders Aslund aýdýar.

Ukrainada resmi hasaba alnan üç million çemesi kiçi biznes eýeleri bar. Olarda alty million adam işleýär. Täze Salgyt kodeksiniň kiçi biznesi umumy salgyt hasaplaşygy baradaky sistema goşmagy mümkin. Bu bolsa, protestçileriň aýdyşyça, korrupsiýa we salgyt häkimiýetleriniň eden-etdiligine gapyny açýar.

Iň esasy problema bolsa, salgyt baradaky täze kanun ýönekeýje zady gerekmejek çylşyrymly zada öwürýär diýip, oppozisioner deputat Kseniýa Liapina aýdýar. Ol: “Kärhanalar täze Salgyt kodeksinden närazy. Çünki biz iň esasy zady – ýönekeýligi ýitirýäris. Eger olar ähli salgyt hasaplanyşygyny göz öňünde tutýan bolsalar, bu ýerde ýeňilleşdirilen salgyt kursy ýok. Onda 400 ýa-da 600 griwna salgyt tölemek nämä gerek? Kärhana edil 1998-nji ýyldaky ýaly býujete bäş griwna salgyt tölär we 200 griwnany bolsa salgyt inspektoyna para hökmünde berer. Eýse, bu nämä gerek?” diýip, öz pikirini aýan edýär.

Ýaramaz sistema

Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, Ukrainanyň häzirki salgyt sistemasy Belarusyňkydan we Wenesuelanyňkydan soňra, dünýäde iň ýaramaz sistemadyr. Ykdysatçy Anders Aslundyň sözlerine görä, ýurdy dolandyrýan Regionlar partiýasy parlament arkaly täze Salgyt kodeksini öňe sürýär. Şeýdibem olar reformalary durmuşa geçirmekde juda hyjuwlydyklaryny halkara inwestorlaryna subut etmäge synanyşýana meňzeýärler.

Regionlar partiýasynyň we hökümetiň täze Salgyt kodeksine garşy protest başlanar diýip, garaşmandygy belli. Kiýewdäki sosial we ykdysady barlag merkeziniň ýokary derejeli ykdysatçysy Wolodymyr Dubrowskiý salgyda garşy protestlerde syýasy sebäpler bar diýip hasaplaýar.

Dubrowskiniň sözlerine görä, ýönekeý salgyt sistemasynyň dargadylmagy Ukrain jemgyýetyiniň iň garaşsyz gatlagyna – biznes edýän orta gatlaga gös-göni hüjümdir: “Bu gatlak “Mämişi rewolýusiýany” goldanlara örän meňzeş we olary häzirki adminstrasiýa dargadýar”.

Ukrainanyň täze hökümetiniň teklip eden salgyt kodeksi 503 sahypadan ybarat.
XS
SM
MD
LG