Sepleriň elýeterliligi

Tbilisi Moskwa bilen ýokary derejede syýasy gepleşiklere taýýar


Özüni özbaşdak yglan eden Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň territoriýalaryna kontrollygy gaýdyp almak üçin Gürjüstan harby güýç ulanmakdan ýüz öwürýär diýip, Strasburgda Ýewroparlamentde çykyş edip, Gürjüstanyň prezidenti Mihail Sakaşwili aýtdy.

Gürjüstan öňküleri ýaly Abhaziýany we Günorta Osetiýany Orsyet goşunlary tarapyndan basylyp alnan hasap edýär diýip, Saakaşwili nygtady.

Şol bir wagtda Tbilisiniň Moskwa bilen ýokary derejede syýasy gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG