Sepleriň elýeterliligi

Kombojada ölenleriň sany 378 adam, ýaralananlar 700


Kambojada köpçülikleýin baslyşykda, resmi maglumatlara görä, ölenleriň sany 378 adam, ýaralananlar 700.

Ýagyşlar möwsüminiň tamamlanmagy bilen bagly geçirilýän dabara wagty ýurduň paýtagtynda ýaňky betbagçylyk ýüze çykdy.

Häkimiýetleriň maglumatyna görä, Tonlesap derýasynyň üstünden geçýän darajyk köpriniň üstünde basgy, dyknyşyk döräpdir.

Ölenleriň sanynyň has köp bolmagy mümkin. Halas edijiler heläk bolanlaryň jesetlerini gözleýärler.

Ýurduň premýer-ministri Hun Sen 1970-nji ýyllarda “gyzyl kemerleriň” ýurdy dolandyran wagtyndan bäri häzirki bolan betbagçylygy iň uly tragediýa diýip atlandyrdy.

25-nji nobýar ýurtda matam güni yglan edildi.
XS
SM
MD
LG