Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda öňki resmileriň sud prosesi dowam edýär


Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew wezipesinden peýdalanyp, jenaýat etmekde hem adamlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna gatnaşmakda aýyplanýar.

Bu barasynda şu gün Bişkekde 80 adamyň ölümi bilen bagly sud prosesi başlananda döwlet aýyplaýjysy aýtdy.

Bu prosesde 28 adama sud edilýär. Bakyýewi goşmak bilen olaryň birnäçesi ýurduň daşyndalygy üçin gaýybana aýyplanýarlar.

Öňki ýokary derejeli hem häzir suda çekilen üç çinownik suduň jaýyndan gaçypdyr, olar gözlenýär.
XS
SM
MD
LG